Samoli Türkmenistan bilen bilim ulgamynda hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär

Samoli Türkmenistan bilen bilim ulgamynda hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär

30-njy sentýabrda Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew bilen Somali Federatiw Respublikasynyň bilim ministri Farah Şeýh Abdulkadyryň arasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Somali Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Ankara ş.) ilçisi Fathudin Ali Muhammet hem gatnaşdy diýip, Bilim ministrligi habar berýär.

Türkmenistanyň bilim ministri somalili kärdeşini Türkmenistan bilen bilim gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna bildirýän gyzyklanmasy üçin özüniň hoşallygyny bildirip, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň gurluşy, bu babatda halkara derejesinde ýetilen sepgitlerdir geljekde ileri tutulýan wezipeler bilen tanyşdyrdy. Türkmenistanda geçirilýän ylmy-amaly maslahatlara we sergilere, mekdep okuwçylarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryň arasyndaky halkara derejeli bäsleşiklere, olimpiadalara Somaliniň wekilleriniň hem gatnaşmagyny teklip etdi.

Somali Federatiw Respublikasynyň bilim ministri agzalan teklipler üçin minnetdarlygyny beýan edip, öz gezeginde bu ýurtda bar bolan mümkinçilikleri doly güýjünde ulanyp, Türkmenistan bilen bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna isleg bildirilýändigini habar berdi.

Iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň arasynda özara tejribe alyşmaklaryny maksat edinip, sanly wideoaragatnaşyk arkaly özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar babatda duşuşyklaryň guralmagyny teklip etdi we muňa ikitaraplaýyn bilim gatnaşyklaryň ilkinji ädimi hökmünde garaýandygyny belläp geçdi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Somali Federatiw Respublikasynyň arasynda bilim ulgamy boýunça hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy ugrunda bildirilýän gyzyklanmalar we teklipler üçin birek-birege hoşallygyny bildirdiler hem-de bu babatda gatnaşyklaryň özara bähbitli häsiýete eýe bolmagyny arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan — Somali Federatiw Respublikasy: bilim ulgamynda gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlyk
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Ibrahim Kalyn Somaliniň prezidenti Hasan Şeýh Mahmud bilen duşuşdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiyäniň daşary işler ministri Somaliniň prezidenti bilen duşuşdy
Türkiýe- Müsür Gatnaşyklary