Sammit Waşingtonda geçiriler

12-13-nji maýda Waşingtonda Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary birleşiginiň (ASEAN) we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda ýörite sammit geçiriler. Bu barada Ak tamyň metbugat sekretary Jen Psaki tarapyndan ýaýradylan beýanatda mälim edilýär. “ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýden 12-13-nji maýda Waşingtonda guraljak ABŞ-ASEAN sammitinde ASEAN-yň liderlerini kabul eder” diýlip beýanatda bellenilýär.

Jen Psaki 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda Baýdeniň ABŞ-ASEAN sammitine onlaýn ýagdaýda gatnaşandygyny we saglygy goraýyş, ykdysadyýet, howa we koronawirus pandemiýasyna garşy göreşde bu bileleşik bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça başlangyçlar üçin 102 million dollar bölünip berlendigini mälim etdi.

“Jozef Baýdeniň administrasiýasy we ABŞ-nyň wise-prezidenti Kamala üçin ilkinji nobatda Günorta-Gündogar Aziýada ygtybarly hyzmatdaş bolmak” diýip, Jen Psaki belledi. Onuň sözlerine görä, Waşington “Hindi-Ýuwaş umman sebitiniň erkin, açyk, howpsuz, agzybir we durnukly bolmagyna tagalla edýär”.

Şu ýylyň 28-29-njy martynda Waşingtonda ABŞ we ASEAN ýurtlarynyň 10-synyň gatnaşmagynda ýörite sammit geçirilmelidi, ýöne ol yza süýşürildi. ASEAN-yň habaryna görä, sammitiň yza süýşürilmegi birleşige käbir agza döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ozalky ylalaşylan wagtda gatnaşyp bilmeýändikleri bilen baglanyşykly.

1967-nji ýylda esaslandyrylan Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň birleşigi (ASEAN) 10 ýurduň sebitleýin, syýasy, ykdysady we medeni guramasydyr. Bu guramanyň düzümine Taýland, Malaýziýa, Singapur, Indoneziýa, Filippinler, Wýetnam, Laos, Kamboja, Bruneý we Mýanma ýaly döwletler girýär.

Ýene degişli makalalar

Kamala Harris Ýeňilendigini Boýun Aldy
Lawrow we Bruneýiň daşary işler ministri zenanlar hem-de erkekler barada degişdiler
Kambojanyň paýtagtynda ASEAN-yň 40-njy we 41-nji sammitleri açyldy
ABŞ-ASEAN ýurtlarynyň gatnaşyklarynda täze döwür
ASEAN-yň daşary işler ministrleriniň maslahaty
Jemgyýetçilik pikirleri dünýä arenasyny 'ýakyndan synlaýar', raýat raýdaşlygy 'ösýär'