Sambo boýunça Dünýä kubogynyň birinji gününde türkmen türgenleri dört medal gazandylar

Türkmenistanly samboçylar şu gün Gyrgyzystanyň Çolponata şäherinde badalga berlen Dünýä kubogynyň ilkinji gününi dört medal bilen tamamladylar. Türkmen türgenleriniň gazanan medallarynyň dördüsi hem bürünç medallardyr.

Ýeri gelende aýtsak, Dünýä kubogynyň ilkinji gününde erkekleriň arasynda sport we söweş sambosy boýunça tutluşyklar geçirildi. Türkmen türgenleri bu görnüşleriň her haýsyndan iki medal gazandylar.

Has takygy, sport sambosy boýunça 58 kilograma çenli agram derejesinde babamyrat Baýramow bilen 71 kilograma çenli derejede Kambar Umarow, söweş sambosy boýunça bolsa 64 kilograma çenli agramda Kerim Kerimow bilen 79 kilograma çenli agram derejesinde Agasapar Muhadow dagylar hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdylar.

Dünýä kubogy agram derejeleriniň 26-sy boýunça geçirilýär. Ýaryşyň ilkinji gününde olaryň 12-si boýunça çempionlar yglan edildi. Günüň birinji ýarymynda Halkara sambo federasiýasynyň baýdagynyň astynda çykyş edýän russiýaly türgenler ähli agram derejeleri boýunça çempion bolmagy başardylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen samboçylary Aziýa we Okeaniýa çempionatynyň 21 medalyna eýe boldular
Türkmenistanly samboçylar 1 altyn, 2 kümüş we 3 bürünç medal gazandylar
Altyn asyryň altyn zehinleri atly bäsleşigiň döwlet tapgyry geçirildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda