Samarkant 2024-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagty hökmünde dalaşgär görkezildi

Samarkant 2024-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagty hökmünde dalaşgär görkezildi

Samarkant 2024-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagty hökmünde dalaşgär görkezildi. Bu barada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisiniň netijesinde belli boldy diýip, centralasia.media belleýär.

Mejlisde çykyş etmek bilen, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew GDA giňişliginde hyzmatdaşlygyň iň möhüm ugurlarynyň biriniň medeni-ynsanperwer ugurdygyny belledi.Innowasiýa gatnaşyklaryny we ýaşlar hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady bilen Mirziýoýew geljek ýyl Özbegistanda “Ýaşlar innowasiýa üçin” şygarynyň astynda GDA ýurtlarynyň ýaş alymlarynyň birinji Kongresini geçirmegi teklip etdi.

Ol Özbegistanyň mundan beýläk hem durmuşa geçirme işlerine işjeň ýardam etmäge we bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport, medeniýet we sungat ugurlaryndaky bilelikdäki taslamalara we maksatnamalara gatnaşmaga taýýardygyny aýtdy.Mirziýoýew Sankt-Peterburgyň 2023-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagty diýlip ykrar edilmegini goldady. 2024-nji ýylda Arkalaşygyň medeni paýtagty hökmünde Samarkant dalaşgär görkezildi. Şeýle-de, Mirziýoýew her ýyl küşt boýunça Arkalaşygyň Açyk kubogyny geçirmek pikirini öňe sürdi.

Ýene degişli makalalar

13-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Tot-tozanyň yz ýany, ümezleşen howa, ýakymsyz ys maryly ýaşaýjylary hopukdyrdy’
Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitine gatnaşar
Samarkantda Merkezi Aziýanyň energetika ministrleri duşuşarlar
Dünýäniň iň owadan obalary saýlandy
Samarkantda ÝUNWTO-nyň Baş Assambleýasynyň 25-nji sessiýasy öz işine başlady