Salyr Türkçesi

Salyr Türkçesi

Bilşimiz ýaly, Hytaý Halk Respublikasynyň serhediniň çäginde 56 azlyk dili bar.Resmi maglumatlara görä olaryň ýedisi, resmi däl maglumatlara görä bolsa dokuzy türki dildir.Olar Uýgur, Gazak, Gyrgyz, Özbek, Tatar, Salyr, Sary Uýgur, Tuwa we Fu-ýü Gyrgyz dilleridir.

Käbir alymlara görä, Tuwa we Fu-ýü gyrgyz dilleri Hytaýdaky azlyk dilleriniň klassifikasiýasynda we kesgitlenmegi tapgyrynda, bilelikde ýaşaýan mongollar bilen medeni taýdan örän meňzeş bolandyklary üçin nazara alynmadyk bolmagy mümkin. Şonuň üçin resmi maglumatlarda Türki dillileriň düzümine goşulmandyr.

Eziz diňleýjiler, "Türki Diliniň Jadyly Dünýäsi" atly gepleşigimiziň 15-nji bölümi bilen biz ýene-de siziň bilen bilelikde.gepleşigimiziň öňki bölüminde Garagalpak türkleri, Garagalpak türkleriniň ýaşaýan ýerleri we Garagalpak türk dili barada gürrüň beripdik.

Gepleşigimiziň şu günki nobatdaky bölüminde bolsa Hytaý tarapyndan resmi taýdan türki we Sünni-Musulman hökmünde kabul edilen, käbir çeşmelerde Hytaýdaky Oguzlar ýa-da Hytaý türkmenleri ady bilen hem tanalýan Salyr türkleri, Salyr türkleriniň ýaşaýan ýerleri we Salyr türk dili barada gürrüň bermek isleýäris.

Hytaýdaky iň az ilatly türki jemgyýet hökmünde tanalýan Salyr türkleri, häzirki wagtda esasan hem Hytaýyň Çinghaý we Gansu welaýatlarynda ýaşaýarlar.Ilaty takmynan 110 000 adam diýip çak edilýän Salyr türkleri, Hytaýda "Salyr halky" ýa-da "Salyr ýerlileri" manysyny berýän "Ýuguzu" ady bilen tanalýarlar.

Mundan başga-da, Salyr türkleri taryhy çeşmelerde Salar, Salyr, Salgur we Salur atlary bilen tanalypdyrlar.Hytaýdaky şalyklar döwründe gaty az ilatly bolup aýakda galan Salyr türkleriniň, Hytaý Medeni Ynkylabyndan soň Kommunistik režim dolandyryşynda dargaman, assimilýasiýa bolman, häzirki güne çenli gelip ýetmeginiň iň möhüm sebäbi olaryň medeniýetlerine we ynançlaryna bolan pugta baglylygydyr.

Ylmy derňewçiler Salyr türkleriniň Hytaýdaky taryhynyň XIII asyrdan başlaýandygyny aýdýarlar.Ady agzalan sebite Mongol çozuşy sebäpli Samarkand we onuň töwereginden gelendigi çak edilýän Salyr türkleri, Oguz Türkmenleriniň Salyr taýpasynyň agtyk-çowluklary diýip hasaplanylýar.

Salyr türkleri Oguzhan Dessanyna görä Oguzlaryň 24 taýpasynyň biridir, Mahmyd Kaşgarlynyň aýtmagyna görä bolsa 22 Oguz toparynyň bäşinjisidir.Mundan başga-da Oguz taýpalary, aýratynam Seljuk we Osmanly ýaly Türki döwletleriň esasyny düzýän uly toparlardyr.

Salyr ýa-da Salur taýpasy hem bu uly Oguz maşgalasynyň bir bölegi hökmünde tanalýar we möhüm söweşiji taýpa hökmünde bilinýärler.Häzirki wagtda Türkiyäniň dürli sebitlerinde bar bolan we "Salur" adyny göterýän şäherçeleriň we obalaryň köki hem ýokarda ady agzalan Oguzlaryň Salyr taýpasy bilen baglanyşyklydyr.

Muňa goşmaça, häzirki wagtda ýaşaýan türkmenleriň köki hem Oguzlaryň Salyr taýpasyndan gelýändigi çak edilýär.

Salyr türkleri 1750-nji ýylda Yslam dinini kabul edipdirler we häzir hem medeniýetlerine bolşy ýaly, ynançlaryna hem baglydyrlar.Olar tarapyndan häzirki wagtda gepleşilýän dil, Türki diliniň geografiki we lingwistik esaslaryna görä Günorta-Günbatar ýa-da Oguz toparyna degişlidir.

Häzirki wagtda esasan hem Hytaýyň günbatar böleginde gepleşilýän Salyr türk dili entek ýazuw dili derejesine ýetmändir we diňe gepleşik dili hökmünde barlygyny dowam etdirýär.

ÝUNESKO tarapyndan 2010-njy ýylda çap edilen “Howp astyndaky dilleriň Gyzyl kitabynda” “Ölüp barýan diller” kategoriýasynda hasaba alynan Salyr türkçesi, esasan hem ilatyň ýaşuly bölegi tarapyndan giňden ulanylýar, ýaş nesilleriň arasynda Mandarin ýagny Demirgazyk Hytaý diliniň ýaýbaňlanýandygy bilinýär.

Bu ýagdaý bolsa Salyr türkçesiniň ulanylyşyna täsir ýetirmegine garamazdan, Salyr türk dili, Salyr türkleriniň medeni şahsyýetlerini gorap saklamak tagallalarynyň bir bölegi hökmünde ýaşamagyny dowam etdirýär.

Prof.Dr. Gülsüm Killi Ýylmazyň goşantlary bilen Dr.Saida Burkhanidinowa tarapyndan taýarlanan Salyr türkleri, Salyr türkleriniň ýaşaýan ýerleri we Salyr türk diline bölüp aýyran gepleşigimiziň bu günki sanyny geçirip gutarýarys. Nobatdaky bölümde türk dialektiniň gepleşilýän tapawutly geografiýada duşuşarys.

Ýene degişli makalalar

Konserwatoriýanyň talyplary bagşyçylyk sungatynyň syrlaryny öwrenýärler
Fuýu Türkçesi
Türk dialektleriniň toparlara bölünişi
“Heläkçilikde Ýogalanlara Alladan Rehnet, Hossarlaryna Sabyr, Ýaralananlara Şypa Dileýäris”
Görelde gören sahna ussady
Rowaçlygy sorag döredýän kottežler ýa-da gymmat gurluşyklaryň zyýany nädip azaldylar?