Şaly meýdanlary guraýan lebaply kärendeçiler döwlete bergili çykmakdan alada edýär

Şaly meýdanlary guraýan lebaply kärendeçiler döwlete bergili çykmakdan alada edýär

Lebabyň şaly öndürýän kärendeçileri gyrmançalardan dolan ýaplaryň, zeý kanallarynyň arassalanmaýandygy sebäpli özleriniň ekin meýdanlarynyň guraýandygyny aýdyp, şaly hasylynyň pes bolmagyndan alada edýärler. 11-nji oktýabrda Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky habarçysy bilen anonim şertde söhbetdeş bolan Kerki we Amyderýa etraplarynyň şaly öndürýän kärendeçileri bu sebitdäki ýaplarda we zeý kanallarynda soňky gezek 80-nji ýyllaryň aýagynda arassalaýyş işleriniň geçirilendigini, şondan bäri ekskowatorlary görmändiklerini aýdýarlar. “Gyrmançalardan, haşal otlardan dolan ýaplar, zeý kanallary adatça her ýyl arassalanmaly. Ýöne bu etraplardaky daýhan birleşiklerinde iň soňky gezek mundan 30 ýyl çemesi ozal arassalaýyş işleri geçirildi. Şol sebäpli ne suw ýaplarynda, ne zeý akabalarynda suw akýar.

Zeý suwlar ekin ýerlerini zaýalaýar we şorladýar.Bu bolsa, şaly ekinimizi guradýar. Üstesine, şaly meýdanlaryna öz wagtynda suw hem tutulmaýar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy lebaply daýhanlaryň biriniň sözlerini sitirledi.

Onuň sözlerine görä, şu ýyl şaly eken kärendeçileriň köpüsi hasylyň juda pes bolmagyndan we döwlete bergili çykmakdan alada edýärler.Olaryň etraplardaky we daýhan birleşiklerindäki obahyzmat edaralarynyň resmilerinden soraýan kömekleri hem oňaýly netije bermeýär. “Obahyzmat edaralarynyň resmilerine ýüzleneniňde, hemişe ekskowator ýokdugyny aýdýarlar.

Olaryň köne, hatardan çykanlary hem hususy eýeçilikdäki gurluşyk firmalaryna satylypdyr.Bu ekskowatorlar Garagum kölüni gazmak üçin ulanylýar” diýip, habarçy lebaply daýhanlara salgylanyp gürrüň berdi.Azatlyk Radiosynyň bu ýagdaýlar barada Lebap welaýat we Kerki hem-de Amyderýa etrap häkimliklerinden kommentariý almak boýunça eden yzygiderli synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi. Şu ýyl Türkmenistanda şaly ekişine maý aýynda girişildi. 2019-njy ýylda Türkmenistanda jemi 18 müň 300 gektar ýere şaly ekilip, 82 müň 400 tonna tüwi hasylyny almak planlaşdyrylýar. Şaly önümçiligi köp mukdarda suwaryş suwuny talap edýär. Şol bir wagtda, ýerli kärendeçileriň onlarçasy soňky ýyllarda şaly önümçiliginde suw ýetmezçiliginden, ýerleriň şorlamagyndan we oba hojalygyň bu pudagynyň hökümetdäki “täsirli adamlaryň kontrollygyna geçmeginden” şikaýat edýärler.

Geçen ýylyň noýabrynda Azatlyk Radiosynyň daşoguzly habarçysy şaly önümçiliginiň türkmen hökümetindäki täsirli adamlaryň kontrollygyna geçendigini, olaryň şaly önümçiligi bilen meşgullanýan daýhanlara basyş edendigini gürrüň berdi. “S.Nyýazow etrabyndaky 10 iri daýhan birleşikde her dürli bahanalar bilen, kärendeçileriň şaly ekinlerine suw goýbermediler.

Käbir kärendeçileriň şaly meýdanlary elinden alyndy” diýip, anonim şertde maglumat beren habarçy kärendeçilere salgylanyp gürrüň berdi. Şol ýylyň awgust aýynda bolsa, ýurduň demirgazyk welaýatyndaky ýerli häkimiýetleriň suw problemasyny onlarça kilometre uzaýan ekerançylyk ýaplarynyň boýunda suw garawullaryny goýmak arkaly çözmäge synanyşýandygy mälim bolupdy. Şonda Azatlygyň çeşmesi S.Türkmenbaşy etrabynda şaly ekilýän 7 töweregi uly hojalykda kärendeçileriň bir toparynyň kärende ýerleriniň elinden alnyp, ol ýerlere “ýokarda goldawy bar adamlaryň” şaly ekendiklerini gürrüň beripdi.

Türkmen hökümetiniň ýgynaklarynda ýurtda oba-hojalygy ösdürmek meselesine berk gözegçilik edilýändigi barada çykyşlar edilse-de, ýokarda agzalan meseleler barada hiç zat aýdylmaýar. “atlas.media.mit.edu” websaýtynyň “Ykdysady çylşyrymlylyga syn” atly bölüminde aýdylmagyna görä, 2017-nji ýylda Türkmenistanyň daşary ýurtlardan import eden şalysynyň möçberi 11,1 million amerikan dollaryna barabar bolupdyr.

Maglumata görä, Türkmenistanyň daşary ýurtlardan satyn alan şalysynyň 68%-ni Russiýanyň, 13%-ni Gazagystanyň, 12%-ni Pakistanyň we 6,52%-ni Hindistanyň tüwüsi emele getirýär.Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz.

Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Ýene degişli makalalar

Lebapda şaly oragy tamamlandy. Sürüm traktorlary ýetmezçilik edýär
Maryda gowaça meýdanlarynyň sürüm işlerine bölünip berilýän dizel ýangyjy 'eden-etdilikli paýlanýar'
Ykdysady jenaýatlara garşy göreş baradaky gulluk barlaglaryň netijesini aýan etdi
Daşoguzda resmi, ýöne 'galp bugdaý ekiş dabarasy' geçirildi
Türkmen sürüjileri, başga çykalga bolmansoň, "örän agyr ýagdaýda" işleýärler
Lebabyň daýhan birleşiklerinde iş orunlary kemeldilýär, iş ýerleri ýapylýar, müňlerçe oba hojalyk işgäri işsiz galdy