30-njy dekabrda Gresiýanyň ikinji uly şäheri Salonikide gurluşygy 38 ýyllap dowam eden metro işe girizildi. Açylyş dabarasyna Gresiýanyň Prezidenti Katerina Sakellaropulu, Premýer-ministr Kiriakos Misotakis, hökümet agzalary we syýasatçylar gatnaşdy.
Saloniki metrosy 13 stansiýany we 9,6 kilometre uzaýan ýoly öz içine alýar.Saloniki özüniň metro ulgamy bilen Afinydan soň ýurtda ikinji şäher boldy.Metro her ugur boýunça sagatda 18 müňe çenli adam daşamak mümkinçiligi bilen her gün, takmynan, 254 müň ýolagçy gatnadar diýlip garaşylýar.
Häkimiýetler metrony Ýewropada iň döwrebap diýip baha berýärler, sebäbi 18 sany awtomat otly sürüjisiz, diňe hyzmatçylaryň ýardamy bilen hereket eder.
Metro 3-nji dekabra çenli tölegsiz bolar. Soňra ýol petegine 60 ýewrosent baha kesildi, metrodaky hereket bolsa 70 minut dowam edýär. Häkimiýetler metronyň şäherdäki ulag meselelerini çözüp, şäheriň merkezinde ýaşaýan raýatlaryň gündelik durmuşyny ýeňilleşdirjekdigine umyt edýärler. 2006-njy ýylda başlanan Saloniki metrosynyň gurluşygy 20 ýyla golaý wagt dowam etdi.
Mundan başga-da, gurluşyk wagtynda Wizantiýa döwrüniň bazary, Rim gonamçylygy we şäheriň uzak we dürli döwürlerdäki taryhyndan beýleki hazynalar ýüze çykaryldy. Tapyndylar metronyň gurluşygyny belli bir derejede haýallatdy we baý geçmişini gorap saklamak bilen hatarda, metronyň nähili döwrebaplaşjakdygy barada sorag döretdi. Netijede, artefaktlar stansiýalaryň dizaýnyna birleşdirilip, metrony ýerasty muzeýe öwürdi.