Gresiýanyň Din işleri Baş sekretariatyndan berilen beýannamada 10-njy aprelde okaljak baýram namazy üçin Salonikidäki Ýeni Jami metjidi bilen Rodos adasyndaky Süleýmaniýe metjidiniň musulmanlaryň ulanmagyna beriljekdigi mälim edildi.
Ýeni Jami metjidi 2013-2014-nji ýyllarda-da baýram namazy üçin musulmanlaryň ulanmagyna berilipdi, emma Gübatar frakiýaly türkleriň saýlan müftüsiniň ymamlyk etmegine rugsat berilmändi.
Salonikide ýaşaýan musulmanlar hem grek hökümetiniň bellän ymamynyň yzynda namaza durman, protest edipdi.
2018-nji ýylda bolsa Ýeni Jami metjidinde 200 adam baýram namazyny ilkinji gezek Günbatar Frakiýada saýlanan saýlanan müftülik tarapyndan bellenen ymam we azançy bilen okapdy.
Salonikide Osman döwründe 1902-nji ýylda italian binagäri Witalýano Posellä gurdurylan Ýeni Jami metjidi 1925-1963-nji ýyllaryň aralygynda muzeý hökmünde ulanyldy.
Gresiýanyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi tarapyndan 1986-njy ýylda abatlanan metjit, Saloniki şäher häkimligi tarapyndan sergi zaly hökmünde ulanylýar.