Salliwan Kowid-19 Pandemiýasynyň Laboratoriýadan Ýaýrap-Ýaýramandygynyň Näbellidigini Beýan Etdi

Salliwan Kowid-19 Pandemiýasynyň Laboratoriýadan Ýaýrap-Ýaýramandygynyň Näbellidigini Beýan Etdi

“JNN” teleýaýlymyna beýannama beren Salliwan, “Wol Strit Jornal” gazetinde neşir edilen Energetika ministrliginiň “Kowid-19 pandemiýasynyň laboratoriýadan ýaýrandygy” hakyndaky habarnamasy boýunça garaýyş beýan etdi.

Salliwan howpsuzlyk gulluklarynda şeýle garaýyşlaryň bardygyny, emma doly we ýeterlik maglumatyň ýokdugyny beýan etdi.

Prezident Jo Baýdeniň howpsuzlyk gulluklaryna bu meseläni doly öwrenmek üçin birnäçe gezek görkezme berendigini nygtan Salliwan; “Goşmaça maglumat bolan halatynda ony Kongresse we Amerikan halkynyň dykgatyna ýetireris. Emma häzirki wagtda howpsuzlyk edaralarynda bu soraga “anyk jogap” ýok” diýdi.

“Wol Strit Jornal” gazeti Energetika ministrliginiň golaýda Ak Tama we Kongressiň belli agzalaryna beren gizlin habarnamasyna görä Kowid-19 wirusynyň Hytaýdaky laboratoriýadan ýalňyşlyk bilen çykandygyny çaklaýandygyny ýazypdy.

Ýene degişli makalalar

Iň güýçli magnit
Laboratoriýa göwher daşy ýasaldy
Türkmen alymlarynyň işläp taýýarlamalary: polat berkligi, hili ýokarlandyrylan bitum we sement ... briketlenen ýüzärlik
Özboluşly artefaktlaryň ýygyndysy: gadymy sene ýazgysynyň täze sahypalyry
Maryly kärendeçiler harmana pagta tabşyranlarynda talanýandyklaryny’ aýdýarlar
Aşgabatlylar 'mugtçulyk' döwründe oturdan suw ölçeýjilerini gaýtadan barlatmaly bolýarlar
Aýnanyň taryhy