Eýranyň Goranmak ministri Muhammed Ryza Aştiýani, Ysraýylyň, Hamasyň ýolbaşçylaryndan Salih Al Aruriniň janyna kast etmeginiň sebitiň deňagramlylygyny bozandygyny we netijesiniň ABŞ-na ýaramaz täsirini ýetirip biljekdigini aýtdy.
Eýranyň resmi IRNA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, paýtagt Tähranda metbugata beýannama beren Goranmak ministri Aştiýani, Ysraýylyň düýn agşam Liwanda guran we Aruriniň ýogalmagyna sebäp bolan hüjüm hakynda garaýyş beýan etdi.
ABŞ-nyň duşmançylygynyň dowam edýändigini aýdan Aştiýani, bu hüjümiň ABŞ-na ýaramaz täsirini ýetirjekdigini belledi.
ABŞ-nyň sebitiň deňagramlylygyny bozandygyny aýdan Aştiýani, “Sebitiň deňagramlylygyny bozmagyň netijesi agyr bolar, ABŞ-nyň alyp barýan syýasatlaryna garşy bolan tutumlar gün saýyn artýar” diýdi.
Ysraýylyň, Liwanyň paýtagty Beýrutda guran hüjüminde Hamasyň ýolbaşçylaryndan Salih Al Aruri bilen birlikde 6 adam öldürildi.