Salgyt iýeroglifi Ýaponiýada ýylyň nyşany diýlip yglan edildi

Salgyt iýeroglifi Ýaponiýada ýylyň nyşany diýlip yglan edildi

Dzeý (salgyt) iýeroglifi tamamlanyp barýan 2023-nji ýylda Ýaponiýada ýylyň nyşany hökmünde saýlandy diýip, TASS habarlar gullugyna salgylanýan Belta.by ýazýar.

Nyşana bagyşlanan dabara Kiotodaky Arassa suw ybadathanasynda geçirildi. Däbe görä, ýylyň nyşanyny ybadathananyň monahy Seýhan Mori ýörite kagyzyň ýüzüne çyzdy. Nyşany çekmek üçin Nara prefekturasyndan getirilen saýlama syýa ulanylýar.

Salgyt sözi ýylyň nyşany hökmünde ählumumy ses berlişik esasynda saýlandy. Şeýle-de muňa Ýaponiýada tamamlanyp barýan ýylda salgyt mowzugyna bagyşlanan köpsanly täzelikler sebäp boldy. Ýurdy dolandyrýan Liberal-demokratik partiýa goranmak çykdajylaryny artdyrmak maksady bilen, ýuridiki şahslara salgydy artdyrmagy meýilleşdirýär.

Bu partiýada gapma-garşylyklary döretdi, Hökümet başlygy Fumio Kisidä hem nägilelik bildirildi.Netijede, Hökümet başlygy salgytlaryň öweztölegi hökmünde 40 müň iýene çenli azaldylýandygyny yglan etdi.

Ýaponiýada ýylyň nyşany 1995-nji ýyldan bäri saýlanýar. Bu ýyl ol 29-njy gezek geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň Prezidentiniň saýlawlaryna dört dalaşgär gatnaşar
Minskde ýanwarda geçjek Prezident saýlawlarynda dalaşgärleriň atlary agzaldy
Hytaý emeli adada iň iri howa menzili gurmakçy
Niderlandlarda Wan Goguň nakgaşlyk eseri satuwa çykarylar
Şazada Uilýam Patyşa Karl III borçlarynyň bir bölegini alar
Günorta Koreýada bazardaky ýangynda 227 dükan ýandy