Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy, ýakyn wagtda Eýranda rak keseliniň ion bejeriş merkeziniň ýola beriljekdigini aýtdy.
ISNA-nyň habaryna görä, Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy "Ali Akbar Salehi" sişenbe güni Alborz welaýatynyň Milli Ion bejeriş merkeziniň käbir möhüm enjamlaryny synagdan geçiren mahaly beren gürrüňlerinde Merkeziň gurluşygy 200 million ýewro maliýeleşdirilmegi bilen başlandy diýip habar berdi.
Salehi, Eýranyň Milli Ion bejeriş merkeziniň Günbatar Aziýada özboluşlydygyny aýdyp Eýran bu enjam bilen bu görnüşli hassahanany açan dünýäde ýedinji ýurtdyr diýdi.