Salam, Dogan! 'Söýgi, halaşmak' könelişen gep-gürrüňe öwrülýär

Salam, Dogan! 'Söýgi, halaşmak' könelişen gep-gürrüňe öwrülýär

Hünärmen “Serdar Berdimuhamedow şu günki medeni, syýasy güýçlere garşy çykyp bilermi; öz ýurdunyň taryhynda döwrebaplyga garşy çykýan lider hökmünde ýatlanylarmy?” diýen soraglaryň döreýändigini, emmä özünde häzir bu soraga hiç hili jogabyň ýokdugyny aýdýar.

Azatlygyň soňky döwürde has ýakyndan yzarlaýan temalaryna, hususan-da gender deňligi, jynsy esasdaky kemsitmeler baradaky aladalaryna sebäp bolan häkimiýetler, ýerli metbugatyň habarlaryndaky gündelik şekilleriň geýim-eşik’ talaplarynyň nähili ýowuz derejelere ýetirilendigini açyk görkezýändigine garamazdan, ýurtda dilden berlen buýruk esasynda girizilen dres-kod, berk eşik düzgüniniň bardygyny düýpden ret edýärler.

Ýöne dres-kod, Azatlygyň ýerli habarçylary bilen pikirini paýlaşan raýatlaryň sözlerine görä, ýurtda çuňlaşýan sosial deňsizligiň diňe bir meselesi bolup durýar.

“Saglyk” programmasyny we “Progres” fonduny esaslandyryjy Aýanabat Ýaýlymowanyň Azatlyga Nýu-Ýorkdan telefon arkaly beren gürrüňinde aýtmagyna görä, Türkmenistanda zulum-süteme sezewar bolýan aýallaryň gaçybatalga, howandarlyk gözläp ýüz tutup biljek ýeri, sosial goraglylygy örän pes ýagdaýda.

Mundan başga, habarçylarymyzyň ýazmagyna görä, goly ýuka maşgalalarda kemala gelen aýal-gyzlaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary, agyr ýagdaýlara alyp gelýän haksyzlyklar we kemsitmeler, ýurtdaky ýapyklyk zerarly, köplenç bilinmän galýar.

Azatlygyň täzelikde döredilen “Salam, dogan!” gepleşiginiň bu sanynda şu we beýleki ýagdaýlar barada gürrüň ediler. Eger-de diňleýjilerimiz, okyjylarymyz, Türkmenistandaky ýagdaýlary bilýän adamlar öz tejribelerini, pikirlerini paýlaşyp, bu işe öz goşantlaryny goşsalar, redaksiýanyň işgärleri olardan örän minnetdar bolardy.

Geçen gezekde bolşy ýaly, bu günki gepleşigimizde hem habarçylarymyzyň ýurt içinden iberen maglumatlaryny, Aýnabat Ýaýlymowa bilen söhbetdeşligi diňlärsiňiz. Salam dogana hoş geldiňiz, eziz diňleýjiler!

Ýene degişli makalalar

Salam, Dogan! Ene we çaga aýralygy jemgyýetiň uly meselesine' öwrüldi
Zenan hukuklary baradaky komitet Türkmenistana berýän maslahatlaryny çap etdi
'Salam Dogan!': Prezidentiň aýallara pul sowgady däbiniň manysy we täsiri
Salam, Dogan! Aýal-gyzlaryň saýlap-seçmek hakyna kim, näme üçin dawa salýar?
'Salam Dogan!': Abort - açyk gürrüňi edilmeýän gozgalmaly agyr mesele
'Salam Dogan!': Abort açyk gürrüňi edilmeýän gozgalmaly agyr mesele