Salam, Dogan! 'Gizlin öýsüzligiň' jebrini çekýän 'köpelýär'

Salam, Dogan! 'Gizlin öýsüzligiň' jebrini çekýän 'köpelýär'

Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksiniň 64-nji maddasynda “raýatlary ýaşaýyş jaý şertleri gowulandyrylmaga mätäç diýip hasap etmegiň esaslary” sanalyp, 65-nji maddasynda “özi bilen bile ýaşap bir ýa-da şondan köp kämillik ýaşyna ýetmedik çagany bir özi terbiýeleýän ene (ata) ...ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak babatda döwletiň goldawyna mätäç raýatlaryň toparyna degişli” diýilýär.

Emma bu kanundan arka tapman’, soňky ýyllarda çuňlaşan ykdysady çökgünligiň arasynda çagalaryny ýeke terbiýeleýän eneleriň köpelendigi, olaryň arasynda gizlin öýsüzlik’ zerarly, çagalaryny yzda goýup, daşary ýurtlara işlemäge gidýänleriň hem az däldigi habar berilýär. Ýöne, ýurt maglumat üçin ýapyk bolansoň, bizde jaýsyz we çagasyny ýeke terbiýeleýän eneleriň anyk sanyny bilmek mümkinçiligi ýok.

Azatlyk radiosy, sosial mediada öýsüz eneleriň düşen agyr ýagdaýy barada edilýän gürrüňleri nazara alyp, “Salam, Dogan!” gepleşiginiň iki sanyny kömege mätäç eneleriň jaý meselesine bagyşlady.

Gepleşikde Birleşen Ştatlarda ýaşaşýan türkmen analitigi Aýnabat Ýaýlymowa, Gazagystanda işleýän türkmen migranty Nasiba Esenowa bilen geçirilen söhbetdeşlikleri diňläp, öz pikirleriňizi, tejribeleriňizi paýlaşmaga çagyrýarys.

Ýene degişli makalalar

Salam Dogan!: Aýallaryň çaga dogrup-dogurmazlyk kararynyň elinden alynmagy we munuň täsirleri
Salam, dogan: Maşgaladaky zorluk urmak we öldürmek bilen çäklenmeýär
Salam, Dogan: Dymmak syýasaty maşgaladaky zorlugy öjükdirýär
Salam, Dogan! Jynsy terbiýäniň ýetmezçiligi saglyk aladalaryny köpeldýär
Salam, Dogan! Jynsy terbiýedäki 'çäklilik saklanýar'
Salam, Dogan! Rak keseli baradaky dymyşlyk we mejbury barlaglar nämeden habar berýär?