Türkmenistan, aýal-gyzlaryň metbugatda wagyz edilýän gündelik geýim-eşik’ talaplarynyň daşyndan, mart aýynda 'eşik kody' bilen bagly iki sany uly çäre geçirdi.Olaryň birinjisi “Ýylyň zenany” bäsleşigi diýlip atlandyrylsa, ikinjisi “Iň eýjejik gyzjagaz” ýa-da “Eýjejik gyzjagaz” bäsleşigi diýlip atlandyryldy.
Bu bäsleşiklerde, synçylaryň pikiriçe, hökümetiň türkmen aýal-gyzlarynyň milli lybaslary, berk geýim-eşik düzgüni barada edýän uly aladasy "güberçekläp öňe çykýar".
Bolgariýada ýaşaýan hukuk goraýjy, Türkmen Helsinki gaznasynyň başlygy Täjigül Begmedowa bu aladanyň arkasynda diňe aýal-gyzlary däl, erkekleri hem tabynlykda saklamak niýetiniň gizlenýändigini öňe sürýär.
Azatlyga hat ýazyp, öz pikirini aýdan türkmen pedagogy bolsa, häkimiýetleriň girizen geýim-eşik düzgünleriniň türkmen aýal-gyzlarynyň asyrlar boýy kemala getiren geýim-eşik medeniýetini garyplaşdyrýandygyny’ öňe sürýär.
Birleşen Ştatlaryň Deňiz güýçleri uniwersitetinde, Brute Krulak innowasiýa we uruş sungaty merkezinde işleýän Wiktoriýa Klementiň Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtmagyna görä, türkmen aýallary oňa özleriniň hemişe bu sada köýnegi’ geýmändiklerini gürrüň berendiklerini belläp (bu söhbetdeşligi biz “Salam, Dogan!” gepleşigimiziň indiki sanlarynda eşitdireris red), türkmen aýal-gyzlarynyň häzirki geýim-eşikleriniň jemgyýetdäki gender bölünişigini, aýal-gzylaryň saýlap-seçmek mümkinçiliginiň azalandygyny görkezýändigini aýdýar.
Hormatly diňleýjiler, gadyrly aýal-gyzlar we erkekler, “Salam, Dogan!” gepleşigimizde gozgalýan meseleler barada öz pikirleriňizi aýmaga çagyrýarys.