Salam, Dogan! Eneler bilen çagalaryň aýralygy uly alada’ döredýär

Salam, Dogan! Eneler bilen çagalaryň aýralygy uly alada’ döredýär

Türkmenistanda dowam edýän agyr işsizlik, adamlaryň maşgala eklemek, çagalaryny il deňinde okatmak, geljege taýýarlamak, şol sanda jaý, maşyn edinmek aladalary on müňlerçe enäniň zähmet migrasiýasyna gitmegine sebäp bolýar, çagalar enelerinde aýralykda ösýär.

Bu mesele başga ýurtlarda hem bar. Ýöne dünýäniň beýleki ýurtlarynda, metbugat azatlygyna baglylykda, eneler bilen çagalaryň düşýän ýagdaýlary barada belli bir derejede gürrüň edilýär.Emma türkmen metbugaty bu meseläni agzap hem bilmeýär. Şol bir wagtda, sosial mediada edilýän gürrüňler türkmen migrantlarynyň ene we çaga aýralygy meselesinden uly alada galýandygyny görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, Azatlyk “Salam, Dogan!” gepleşiginiň täze sanyny migrant eneler we olaryň çagalary baradaky meselä bagyşlady.

Gepleşikde telefon arkaly guralan söhbetdeşliklere ABŞ-dan türkmen analitigi Aýnabat Ýaýlymowa, Polşadan maşgala psihology Oksana Wlasowa, Türkiýeden aktiwist Dürsoltan Taganowa gatnaşdy.

Ýene degişli makalalar

Salam, Dogan! Ene we çaga aýralygy jemgyýetiň uly meselesine' öwrüldi
Salam, Dogan! Aýal-gyzlaryň saýlap-seçmek hakyna kim, näme üçin dawa salýar?
'Salam Dogan!': Abort - açyk gürrüňi edilmeýän gozgalmaly agyr mesele
'Salam Dogan!': Abort açyk gürrüňi edilmeýän gozgalmaly agyr mesele
Salam Dogan!: Aýallaryň çaga dogrup-dogurmazlyk kararynyň elinden alynmagy we munuň täsirleri
Salam, dogan: Maşgaladaky zorluk urmak we öldürmek bilen çäklenmeýär