
Gepleşigiň şu günki sany çaga terbiýesiniň berk awtoritar režimli ýurtda türkmen jemgyýetindäki aýratynlygy.
Çagalykdaky tejribeler adam ulalanda onuň häsiýetine, dünýä garaýşyna, tutuş durmuşyna täsir ýetirýär. Şu sebäpden çaga terbiýesiniň jemgyýetiň sagdynlygyna uly täsiri bar.
Türkmenistandaky reallyklar we türkmen jemgyýetindäki aýratynlyklar nukdaý nazaryndan meselä syn ederis. Jemgyýetdäki şu gün stereotipler, çaga terbiýesine degişli ýalňyşlar, zorluk we gözegçilik ýaly meseleleri gozgarys.
Gepleşigiň hemişeki myhmany "Saglyk" programmasynyň we "Progres fondunyň" esaslandyryjysy Aýnabat Ýaýlymowa.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.