SALAH we IKARDIDEN 4 GOL

Angliýanyň çempionatynda käbir toparlaryň FA kubogynyň çärýek final duşuşygyny geçirýändigi sebäpli, diňe 4 oýun oýnaldy. Şolaryň birinde “Liwerpul” öz meýdançasynda “Watford” bilen duşuşdy. Ýer eýeleriniň agdyklygynda geçen oýunda toparyň müsürli ýyldyzy Mohamed Salah 4 pökgi geçirip, beýleki goluň-da pasyny berdi. Çempionatdaky gollarynyň sanyny 28-e ýetirip, bu ugurda Harri Keýnden öňe saýlanan Salah şu möwsümde 36 gezek tapawutlandy.* Italiýanyň çempionatynda sanawyň lideri “Ýuwentus” çempionlyk ýolunda uly ýitgä sezewar boldy.

Turinliler çempionatyň aşaky orunlarynda barýan SPAL bilen myhmançylykda deňme-deň oýnady (00). “Napoli” bolsa, “Jenoany” 10 hasabynda ýeňip, lider bilen arasyndaky aratapawudy 2 utuga düşürdi. “Inter” myhmançylykda “Sampdoriany” 50 hasabynda utdy.

Duşuşykda 4 gol geçiren Mauro Ikardi şu möwsümdäki pökgüleriniň sanyny 22-ä ýetirdi. Şeýle-de “Atalanta” hem myhmançylykda “Weronadan” 50 hasabynda üstün çykdy.Duşuşykda Ýosip Iliçiç 3 gezek tapawutlandy.

Ýene degişli makalalar

Ronaldo 400 gol geçiren ilkinji oýunçy
Serbiýanyň ýygyndysy
Çempionata öýünde tomaşa etjek ýyldyzlar
“Ýuwentus” ýaryşdan çykdy
Transfer möwsümi tamamlandy
PSŽ, “Bawariýa”, “Mançester Siti” säwliksiz barýar