Salah APL-de iň köp gol geçiren 5-nji afrikaly futbolçy

Angliýanyň çempionatynda soňky 2 tapgyrda ýeňiş gazanan “Liwerpul” özüni dürsäp başlady.Topar myhmançylykda “West Ham Ýunaýtedi” Salah (2) we Weýnaldumyň gollary bilen 3-1 ýeňdi.Duşuşykda 2 gezek tapawutlanan Salah “Premier Ligada” iň netijeli 5-nji afrikaly futbolçy boldy. 89-njy we 90-njy gollaryny geçiren Salah APL-de iň köp gol geçiren afrikaly futbolçylaryň sanawynda 5-nji orna beýgeldi.

Salah bu görkezijä (90 gol) 141 oýunda ýetdi.Müsürli futbolçydan öňde senegally topardaşy Sadio Mane (91 gol, 213 oýun), nigeriýaly Ýakubu Aýagbeni (95 gol, 252 oýun), togoly Emmanuel Adebaýor (97 gol 242 oýun) hem-de kot-d’Iuwarly Didie Drogba bar (104 gol, 254 oýun).

Salahyň şu depgini saklan ýagdaýynda 2-nji, hatda 1-nji orna hem geçmegi mümkin.

The post Salah APL-de iň köp gol geçiren 5-nji afrikaly futbolçy appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

“Mançester Siti” ýeňşi ýatdan çykardy
“Liwerpul” bilen “Mançester Sitiniň” nobatdaky ýeňşi, “Arsenalyň” ilkinji ýeňlişi
“Liwerpul” içini sowatdy
Mançester Siti APL-de möwsümde ilkinji gezek ýeňlişe sezewar boldy
5-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Belet Video Sport bölümine täzelenme girizdi: APL, La Liga, NHL we UFC alnyp görkezişleri ähli enjamlarda
“Premier Ligada” iň köp çykyş eden futbolçy 11-nji liganyň wekili bilen şertnama baglaşdy