
Ilon Mask ýene-de gün-tertibinde-bu gezek OpenAI kompaniýasyny satyn almak üçin 97,4 milliard dollarlyk teklip bilen…
Maýadarlar toparyna ýolbaşçylyk edýän Mask, JhatGPT-niň öndürijisini yzyna almak we aýdylyşyna görä söwda maksady bolmadyk missiýasyny dikeltmek isleýär.
Emma OpenAI kompaniýasynyň ýolbaşçysy Sam Altman oňa ýakyn durmady.
X platformasynda gysgaja jogap berip; “Ýok, sag bol” diýdi.
Üssesine Maskyň kompaniýasy X-i 9,7 milliard dollara satyn almak üçin ýaňsylaýyjy teklip hödürledi.
Beýleki tarapdan OpenAI kompaniýasynyň Microsoft bilen bolan gatnaşyklaryny derňeýän sülçiniň karary, täze bir kazyýet işiniň gozgalmagyna sebäp boldy.