Sakarýa Tarakly Ugut süýjüligi

Sakarýa Tarakly Ugut süýjüligi

Türkiyäniň Gara deňiz kenaryndaky Sakarýa welaýatynyň Tarakly etraby aslyna muwapyk süýjülige ýer eýeçiligini edýär.Bugdaýyň maýsalaryndan öndürilýän Tarakly Ugut süýjüligi Sakarýanyň Söwda we senagat palatasynyň ýüz tutmagy netijesinde 2021-nji ýylda Türkiyäniň Geografiki taýdan hasaba alynan önümleriň arasyna goşuldy.

Süýjüligiň önümçiliginde ilki bilen sebitde ýetişýän bugdaý maýsalary belli bir temperaturada we çyglylyk şertlerinde gögerdilýär.Tohumlanan bugdaý maýsalary wagtal-wagtal garylyp, bürjeşmezliginiň öňi alynýar. Önümçiligiň her bir tapgyrynda ussatlyk ukybyny talap edýän süýjülik üçin ýörite bugdaý maýsalary, soňra daşdan ýasalan gabyň içine goýulýar, agaç tokmak bilen ezilýär we süzülip suwy alynýar.

Alynan bugdaý maýsalarynyň suwuna az mukdarda suw goşulýar we gowy edip garylýar. 5 kg bugdaýa takmynan 0,5 kg suw goşulýar we şol ergin uly mis gapda odunyň odunda gaýnadylýar.

Lödere görnüşine gelen ergine örän az mundarda bugdaý uny goşulýar.Gaýnatmak işleri suwuk görnüşdäki ergin goýulaşýança çenli dowam etdirilýär. Şol tapgyrdan soň Tarakly Ugut süýjüliginiň reňki goýulaşýar we gyzgyn görnüşde aýna bankalara guýulýar. Önümçilik tapgyrynda şeker ýa-da himiki süýjüdiriji ulanylmaýandygy üçin tebigy bugdaýyň tagamy süýjüligiň özüne mahsus ysy berýär.

Hydyr-Ilýas şüweleňleri, toý we baýramçylyk çäreleri üçin bişirilip taýarlanýan Tarakly Ugut süýjüligi, günüň şöhlesiniň düşmeýän, salkyn we gurak gurşawda 12 aýa çenli saklap bolýar.Aýna bankanyň gapagy açylanyndan soň bolsa 15 günüň dowamynda sarp edilmegi maslahat berilýär.

Ýene degişli makalalar

Gara deňizdäki tebigy gazdan garaşylýan tamalar artdy
Halaç Türkçesi
Şyrnakdaky Gabar dagynda gündelik nebit önümçiligi 30 müň barrelden geçdi
Türkiýede ýol-ulag hadysasynda10 adam pida boldy, 60 adam şikes aldy
Sakarýa Abhaz Peýniri
Türk metbugatynyň gysagaça mazmuny