Sakarýa Abhaz Peýniri

Sakarýa Abhaz Peýniri

Türkiyäniň Gara deňiz kenaryndaky Sakarýa welaýatyna ençeme ýüz ýyl ozal göçüp gelen asly Kawkazly Abhaz halkyndan adyny alyp gaýdýan “Abhaz peýniri” Sakarýanyň Söwda we senagat palatasynyň ýüz tutmagy netijesinde 2021-nji ýylda Türkiyäniň Geografiki taýdan hasaba alynan önümleriň arasyna goşuldy.

Abhaz peýniri diýlip atlandyrylýan bu peýnir süýümli gurluşa, ýantar sary reňkde we adatça örme görnüşindedir.Peýnir süýümli gurluşy sebäpli gyzgyn suwda çeýeleşip bilýär.Abhaz peýnirini beýleki peýnirlerden tapawutlandyrýan iň möhüm aýratynlyk, gaýnadylan süýt 40 gradusa ýetenden soň, oňa gaty az mukdarda ýogurt goşulýar we biraz sowadylandan soň tebigy peýnir maýasy goşulýar.

Maýalanmagy üçin goýulan süýt, fermentasiýa tapgyryny tamamlamak üçin 1,5 sagat galdyrylýar, soňra garyndy pyçak bilen kesilýär.Kesilen bölekler mikser bilen ýuwaş-ýuwaşdan böleklere bölünýär.Birnäçe wagt suwuny goýberen garyndy, 30 minudyň dowamynda gyzdyrylan peýnir asty suwda gaýnadylýar.

Soň bolsa, degişli ululykdaky galyp saýlanýar we galybyň ýokarsy arassa mata bilen örtülýär.Peýniriň gyzgyn bölekleri galyba goýulýar, suwuny gaýtadan çykarmak üçin basyş edilýär, soňra gapdan çykarylan peýnir massasy pyçak bilen elin owujy ululygynda bölünýär.

Böleklere bölünen peýnir ýene bir sagat gaýnadylýar.Gaýnadylan peýnir bölekleri ýumşap çeýeleşmäge we şekil berip boljak ýagdaýa gelmäge başlaýar.Gaýnadyş işlerinden soň tmin we timýan başda bolmak bilen hoş boý ysly otlar goşulýar.

Sowadylan peýnir bölekleri uly duz bilen gowy duzlanandan soň, ýagly kagyzy bilen örtülýär, gysylman bankanyň içine goýulýar we agzy ýapylýar.Abhaz peýniri 2 aý pes temperaturada saklanandan soň, ýantar reňkini alyp başlaýar, gowy ýetişýär we ertirlik naharynda öz ornuny almaga taýyn bolýar.

Ýene degişli makalalar

Halaç Türkçesi
Sakarýa Tarakly Ugut süýjüligi
Şyrnakdaky Gabar dagynda gündelik nebit önümçiligi 30 müň barrelden geçdi
Türkiýede ýol-ulag hadysasynda10 adam pida boldy, 60 adam şikes aldy
Türk metbugatynyň gysagaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny