Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň muzeýinde zehinli şahyr zenan, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden Türkmeniň Altyn asyry atly bäsleşiginiň birnäçe gezek ýeňijisi Gülşirin Hanowa bilen erkin döredijilik duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda şahyryň döredijiligine degişli birnäçe maglumatlar barada gürrüň edildi. Ýagny, onuň goşgularynyň sözlerine döredilen aýdymlar hem-de birnäçe talyp ýaşlar tarapyndan labyzly okaldy.
Ilki bilen döredijilik duşuşygy gurnan Saz mugallymçylygy kafedrasynyň öwreniji mugallymy Leýli Gylyjowa şahyr zenan barada birnäçe maglumatlary paýlaşdy we talyp ýaşlar bilen tanyşdyrdy.
Soňra bolsa şahyr zenanyň goşgusyna ýokary okuw mekdebiň kompozisiýa kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, halypa kompozitor Suhan Tüýliýewiň sazyna döredilen Nejoldy diýen aýdymyny halk sazy kafedrasynyň talyby Güljemal Taýlyýewanyň ýerine ýetirmeginde hem-de ýörite fortepiano kafedrasynyň talyby Merjen Amanowanyň fortepianoda sazandarlyk etmeginde ýerine ýetirdi.
Aýdym jemlenenden soňra aýdymçy gyza şahyr uly baha berip, üstünlik arzuw etdi hem-de şol aýdymyň goşgusyny ýazylyş usulyny we taryhyny gürrüň berdi.Döredijilik duşuşygynda şahyr Gülşirin Hanowa bu goşgusynda halypasy bilen maslahatlaşyp ýazandygyny, gadymy sözleriň esasynda ýazylandygy barada gürrüň berip, halypasy Atajan Taganow barada ýatlamalaryny paýlaşdy.
Döredijilik duşuşygyň dowamynda şahyra işjeň talyplar tarapyndan birnäçe gyzykly soraglar berildi we ol hem öz gezeginde ýerlikli jogap berdi.Soraglaryň köpüsi onuň döredijiligi we durmuş ýoly hakynda bolup geçdi.
Soňra bolsa erkin döredijilik duşuşygynyň dowamynda şahyryň goşgularyny ýaş höwesjeň talyplar labyzly okap berdi.Olaryň arasynda Bolsaň bolýar, Ýylgyr, eje Ejem ýaly döredijiliginiň esasynda ene hakynda aýdym bolan goşgular okaldy. Şahyr bu goşgular barada gürrüň berip, goşgularyny okan talyplara üstünlik arzuw etdi.
Şahyr zenan hem öz gezeginde Aýal dogan atly şygyryny okap berdi. Ol goşgyny okap bolandan soňra, maşgala dogan gatnaşygy barada gyzykly gürrüňler etdi.
Döredijilik duşuşygynyň barşynda şahyr zenanyň goşgularyna döredilen aýdymlaryň şekilleri, hem-de onuň ssenariýasynyň ýazylmagynda we režissýorlyk etmeginde filmleriň bölegi görkezildi. Ýagny, olaryň esasylarynyň biri bölüm görnüşli Aşgabadyň aýasynda atly telefilmidir.
Duşuşygyň jemleýji pursatlarynda bolsa ýokary okuw mekdebiň bagşyçylyk sungaty kafedrasynyň talyplary, Toýly Orazow, dutarda Meýlis Mürzäýew hem-de gyjakda Rahman Şanazarowyň sazandarlyk etmeginde şahyryň Akmyrat Çaryýewiň sazyna döredilen Arkadagyň kämil eserlerinde atly aýdymy ýaňlanmak bilen duşuşyk jemlendi.