Şahyr Akmyrat Rejebow halkara terjime bäsleşiginiň baýragy bilen sylaglandy

Şahyr Akmyrat Rejebow halkara terjime bäsleşiginiň baýragy bilen sylaglandy

Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr Akmyrat Rejebow halkara terjime bäsleşiginde ýeňiji boldy. Has takygy, şahyr A.Rejebow wenger şahyry Şandor Petefiniň 200 ýyllyk ýubileýi mynasybetli TÜRKSOÝ guramasy hem-de Wengriýanyň Lakitelek gaznasy tarapyndan yglan edilen şygyr terjimesi boýunça halkara bäsleşikde ýeňiji diýlip ykrar edildi.

Bäsleşigiň şertlerine görä, gatnaşyjylar Şandor Petefiniň dört bentden ybarat bolan Yşk we erkinlik atly goşgusyny hem-de şahyryň döredijiligine degişli ýene bir şygry öz ene dillerine terjime edip, guramaçylara ugratdylar.

Eminleriň gelen netijelerine görä, Türkmenistandan Akmyrat Rejebow, Azerbaýjandan Ramil Ahmed we Bariş Çawid, Gazagystandan Dauren Berikkazyuly, Gyrgyzystandan Tolul Bek Baizak, Özbegistandan Rustam Musurman hem-de Türkiýeden Dursun Aýan ýeňiji diýlip yglan edildi.

14-nji martda Wengriýada Şandor Petefiniň 200 ýyllyk ýubileýi mynasybetli geçirilen dabaralaryň çäklerinde, döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Bäsleşigiň ýeňijileri guramaçylaryň 2 müň amerikan dollary möçberindäki pul baýragyna mynasyp boldular. Şeýle-de ýeňijileriň terjimeleri we şygyrlary aýratyn kitap görnüşinde çapa edilip, sowgat berildi.

Ýene degişli makalalar

52 ýyldan soň ilkinji gezek “Barselonany” myhmançylykda ýeňdi
Ramil Guliýew Awstriýada geçirilen ýaryşda 3-nji oruna mynasyp boldy
ÝUNESKO-nyň Baş edarasynda 1970-nji ýylyň konwensiýasyna gatnaşyjy döwletleriň 7-nji duşuşygy geçirildi
Türkmen diplomaty ÝUNESKO-nyň Baş edarasynda geçirilen mejlise gatnaşdy
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
Rami Kitaphanasy Dabaraly Ýagdaýda Açyldy