Sahna belentligi

Aşgabat şäheriniň gündogar-gaýra böleginde demir ýoly ýakalap oturan 14-nji orta mekdep häli-häzirem gür baglygy bilen ünsüňi özüne çekýär.Bu telim ýyl öňem şeýledi.

Mekdebiň miweli we saýaly baglarynyň oturdylmagynyň hem ösdürilmeginiň hem öz taryhy bar.Ol bu ugurda uly iş bitiren Döwlet aganyň ― botanika mugallymy Döwlet Saryýewiň ady bilen baglanyşykly.Mekdebiň göreldeli bilim ojaklarynyň birine öwrülmeginde zähmet hem uruş weterany, zähmet gahrymany Orazberdi Myşşyýew, Halmyrat Baýmyýew ýaly belli pedagoglaryň hyzmatynyň uly bolandygyny şu günlerem hormat bilen ýatlaýarlar. Ýöne meniň bu günki söhbedim Döwlet aga we onuň ýetişdiren baglary barada däl. Şu mekdebiň goýnunda şol baglara ideg eden hem guwanyp ýaşan, bilim-terbiýe alyp, uly sungatyň ak ýoluna düşen Türkmenistanyň at gazanan artisti Atamyrat Gurbandurdyýew barada.

***

Megerem, geçen asyryň 80-nji ýyllarynyň başlary bolaýsa gerek.Türkmen diliniň, edebiýatyň, sungatyň çyn aşygy Fatima Faýzullinanyň ― Patma mugallymyň tagallasy bilen tutuş synp bolup şol wagtky Mollanepes adyndaky akademiki-drama teatryna gitdik. Şol günler Orta Aziýa we Gazagystan Respublikalarynyň teatr festiwaly geçirilýärdi.

Biziň bu ýere saparymyz Hamza Hekimzade Nyýazynyň Baý we batrak dramasyna gabat geldi.Daşogzuň sazly-drama teatrynda sahnalaşdyrylan spektakla ýetginjeklik tolgunmasy bilen tomaşa etdik.

Patma mugallym muny ýörite etdimi ýa tötänden boldumy, bilemok. Ýöne sahnada dowam eden dartgynly wakalar tamamlanansoň, ol äýnegini aýryp, çygjaran gözlerini sylyp durşuna dillendi: Batragyň keşbini ýerine ýetiren artisti tanadyňyzmy?.

Biz bir-birimiziň ýüzümize seredişip, egnimizi ýygyrdyk.Ol bolsa hamala spektaklyň şowly çykmagynda özüniňem goşandy bar ýaly buýsançly duýgularyny paýlaşmagyny dowam etdi: Ýaňky Gapur Atamyrat Gurbandurdy-da, ol biziň mekdebimiziň uçurymy. Öz bilim beren okuwçylaryň şeýle derejä ýetse, at-abraý alsa, ony okadan, terbiýe beren mugallymlaryň hem başy Gök direýär.

Elinde okap, türkmen dili we edebiýaty gurnagyna gatnap ýörsemem, Patma mugallymyň şeýle ahwala düşenini ilkinji gezek görşümdi.Bu maňa ýiti täsir etdi.Ol bolsa köşeşer ýerde köşeşmedi.

Türkmenistanyň at gazanan artisti Atamyrat Gurbandurdyýewiň mekdep ýyllarynda agasy, Türkmenistanyň halk artisti Aman Gurbandurdyýewiň täsiri bilen artistligi saýlap alşy, soňlugy bilen il içinde Annam brigat ady bilen tanalan Tagan Saryýew bilen bileje okap hem tirkeşip, ilki mekdepde, soň Çagalar we ýetginjekler köşgünde döredilen teatr gurnagyna gatnaýyşlaryny janygyp gürrüň berdi.

Edil şol pursat özümde-de, deň-duşlarymda hem bu ýoluň näderejede hupbatlydygy hakynda pikirem etmän, artist bolmak höwesi döremänem durmady.Hyýalbentligiň dünýäsine düşüp, gurnagam döretdik. Ýöne bu uzak dowam etmedi.

Elbetde, Bizem pylany ýaly artist boljak diýeniň ýeterlik däl.Her bir işde zehin-ukybam, yhlasam gerek. Çünki sungat diýmek ― damana ýoly ýaly kötel ýol.Bu ýola düşmek, ony abraý bilen geçip, sahna belentligine çykmak her kese başardyp duranok.

Men bu hakykata soň-soň žurnalistikanyň ýoluna düşüp, Muhammet Çerkez, Aman Gurbandurdy ýaly beýik teatr hem kino ussatlary bilen söhbetdeş bolanymda magat göz ýetirdim.

***

Elbetde, bir spektaklyň çäginde, bir keşbiň täsirinde artiste baha bermek aňsat däl. Şonuň üçinem, Atamyrat aga barada ýazmaga girişenimde arhiw materiallarydyr döwrüň aýnasy hasaplanýan gazet-žurnallardan peýdalandym.Olaryň arasynda dürli ýyllarda Edebiýat we sungat, Turkmenskaýa iskra, Daşoguz habarlary… ýaly neşirler bar.

Olarda çap edilen makalalar diňe bir Patma mugallymyň ýatlamalarynyň üstüni ýetirmän, eýsem, Atamyrat Gurbandurdyýewiň nähili hoşgylaw adam, uly artist bolandygyny kemsiz görkezip dur.

…Geçen asyryň 50-nji ýyllarynda Aşgabadyň 14-nji orta mekdebinde okaýan iki oglanjyk şol wagtky Mollanepes adyndaky akademiki-drama teatrynyň hemişelik tomaşaçysyna öwrüldi.Olarda, aýratyn-da, Otuzynjy ýyllar spektakly uly gyzyklanma döredýärdi.

Teatrdan öýlerine gaýdyp barýan oglanjyklar ýolboýy iki dünýäniň arasyndaky gapma-garşylykly drama wakalarynyň täsirinden çykyp bilmezdiler.Synpdaşlarynyň arasynda bu oýundan parçalary ýerine ýetirip, hezil bererdiler.Olaryň hersi bir gahrymanyň keşbine girip, özleriçe dürli hereketleri gaýtalardylar.

Teatr sungatyna aşyk bu iki oglanjyk Atamyrat Gurbandurdyýew bilen Tagan Saryýewdi.

Günleriň bir güni mekdepde drama gurnagy döredilýär. Dostlar oňa ilkinji bolup ýazylýarlar. Edebiýat mugallymlarynyň kömegi bilen Otuzynjy ýyllar spektaklyndan bir wakany sahnalaşdyryp, deň-duşlaryna görkezer ekenler. Şonda Atamyrat Kör bagşynyň keşbini ýerine ýetiripdir.

Bir ýola bolsa radioda goýulýan oýunlaryň birinde okuwçy sesi gerek bolanda, Pionerler köşgüniň drama gurnagynyň ýolbaşçysy M.Kepbanow Atamyrady saýlap alýar. Radiooýnuň režissýory bolsa: Sende artistlige bolan ukyb-a bar. Ýöne bu ýeterlik däl, zehini zähmet taplaýar diýipdir. Şeýdibem, Atamyrat artistlige barýan ýolda ilkinji ädimlerini ädipdir.

1959-njy ýyl.Atamyrat Mollanepes adyndaky akademiki-drama teatrynyň ýanynda açylan studiýanyň gapysyny açýar. Ýöne ol bu ýerden lapykeç halda dolanyp gelýär.Sebäbi onunjy synpy gutarmadyklary studiýa kabul etmeýän ekenler.

Atamyrada onýyllygy tamamlamak gerekdi.Emma onuňky ýene ugruna bolmaýar.Okuwyny tamamlan ýyly bolsa studiýa talyp kabul edilmeýän eken.Teatr institutlaryndan hem gelip gowşan şeýle habarlar, kalby joşgunly ýaş ýigidiň wagt ýitirmän, resminamalaryny Aşgabadyň Gara Seýitliýew adyndaky medeni aň-bilim tehnikumyna tabşyrmagyna getirýär.

Okuwa kabul edilen talyp köp wagt geçmänkä goşun gullugyna çagyrylýar.Gulluk borjuny ýerine ýetirip ýören döwürlerem ol sahna küýseýärdi.Muny agasy Amana ýazan her bir hatynda diýen ýaly mälim edýärdi.

Goşun gullugynyň soňky aýlarynda Atamyradyň yzyndan gelen hat onuň göwün guşuny al-asmana göteripdi. Onuň studiýa okuwa girmek baradaky hatyna kanagatlanarly jogap beripdiler.

Studiýany gutaran oglan-gyzlaryň her haýsyny bir ýere işe iberdiler.Atamyrat Gurbandurdyýew Daşogzuň şol wagtky döwlet sazly-drama teatrynda zähmet ýoluna başlady.Ol bu ýerde gysga döwürde ululy-kiçili ellä golaý keşp döredip, tomaşaçylaryň söýgüsini gazanmaga ýetişdi.

Atamyradyň ýerine ýetirýän keşplerine tomaşa edenler onuň irginsiz gözlegdedigine göz ýetirýärdiler.Sebäbi onuň döreden, ýasamalygyň ýokundusy hem duýulmaýan dürli keşplerinde durmuşda gabat gelýän islendik adamyny görmek bolýardy.Isle, ol daýhan bolsun, isle işçi, ýa taryhy keşp, tapawudy ýok, Atamyrat şol keşbe girmek bilen onda ýaşamagy başarýardy.

Baý we batrakdaky Gapur, Köýten nalasyndaky Arzy, Saltykdaky Soltan, Leýli-Mejnundaky Mejnun, Zöhre-Tahyrdaky Tahyr… ýaly janlandyran onlarça keşpleri bilen ussatlyga ýetendigini kemsiz mälim edip bilipdi.Muny, megerem, belli kompozitorymyz Hydyr Allanurowdan gowy aýdyp bolmasa gerek: Atamyrat Gurbandurdyýewiň döreden keşpleri dürli görnüşli keşpler toplumy bolup, olar ýüzlerçe güllerden boglan çemeni ýatladýar.

***

Indi Atamyrat halypa bilen bileje okan, işlän adamlaryň ýatlamalary bilen tanyşmagyň hem wagty geliberdi.Türkmenistanyň Baş drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň at gazanan artisti, sungaty öwreniji žurnalist Gülälek Akmyradowanyň Atamyrat Gurbandurdyýew bilen bile okan hem işlän Türkmenistanyň halk artisti Orazgül Apbasowa hem-de Türkmenistanyň at gazanan artisti Babadurdy Babaýew bilen guran söhbetdeşliginden parçalar bilen tanyşmak hem okyjylar üçin gyzykly bolsa gerek.

Orazgül Apbasowa:

― Atamyrat bilen teatr ugrundan bile okapdyk.Mollanepes adyndaky akademiki-drama teatrynyň binasyndaky teatr studiýasynda üç ýyl bileje tälim aldyk.Bizi Moskwadan gelen bir mugallym bilen Türkmenistanyň halk artisti Aman Gurbandurdyýew okadypdy.

Garaz, onlarça oglan-gyz bilen bilelikde dogan ýaly bolup, bir toparda teatr ugrundan ussat halypalardan tälim aldyk.Atamyrat turuwbaşdan aramyzdan saýlanyp ugrady.Adamkärçiligem şeýle gowy oglandy.Bize ― topardaşlaryna hemmetaraplaýyn kömek ederdi.

Başda mugallymlaryň aýdýan zatlaryna kän bir düşünmän aljyraňňylyga düşerdik. Şonda Atamyrat derrew bize kömege ýetişerdi. Ýaşaýan ýerem Aşgabat şäherinde bolansoň, welaýatdan gelen oglan-gyzlary öýlerine äkidip, nahar bişirip bererdi.

Näme, ol wagtlar bu wagtky ýaly bolelin durmuş barmy?! 20 manatjyk talyp hakymyz bardy.Ekabyr agamyz ýaly, Atamyrat biziň aladamyzy gaty köp ederdi…

Ýene bir haýran galan zadymyz, mugallymymyz Aman Gurbandurdyýew Atamyradyň süýtdeş agasy eken. Biz ony soň bilip galdyk. Sebäbi, Aman mugallym Atamyrady Şu meniň jigim-ow diýip hiç aýra tutmazdy, biziň bilen deň görerdi. Hemmämize bolşy ýaly, oňa-da gaty talapkärdi. Bizem mugallymlaryň öwredýän zatlaryny çyr-çytyr özleşdirmäge çalşardyk. Hemmämiziňem artist, onda-da, gowy artist bolasymyz gelýärdi…

Şol döwürler Daşogzuň welaýat teatrynda ýazyjy Sahypjemalyň Kör gyzyň täleýi atly owgan durmuşyndan bir sahna oýny goýuldy. Şonda režissýor baş gahryman Nediriň keşbini Atamyrada ynandy.Baş gahryman gyzyň keşbini hem maňa ynandylar.

Atamyrat bilen ýerine ýetiren sahnamyz kän bolansoň, bileje köp işledik.Baý, ol keşbi gaty gowy janlandyrar-da. Şu wagta çenlem her bir hereketi, bolşy ýadymdan çykanok.Atamyrady her režissýor öz sahna oýnunda çykyş etdiresi gelýärdi.

Onuň zehinliligi, janypkeşligi, düşbüligi beýleki artistlerden görnetin tapawutlanýardy.Garaz, soň ykbal meni Mollanepes adyndaky akademiki-drama teatryna getirdi.Atamyrat, ýene-de birnäçe oglan-gyzlarymyz ol ýerde galdylar.

Heniz-henizlerem ýekeräk wagtym geçen ýoluma ― ýaşlygyma nazar aýlaýan… Ol ýerde hyjuwly, zehinli deň-duşlarymyň içinde saýlanyp duran Atamyrady görýän… Ol endigi boýunça, henizem janygyp maňa bir zatlar düşündirip oturan ýaly…

Babadurdy Babaýew:

― Atamyradyň otludan düşüp, Daşoguz topragyna ilkinji gezek gadam basan güni hem ýadymda… 1979-njy ýylda Mollanepes adyndaky akademiki-drama teatrynyň ýanyndaky teatr studiýasyny tamamlap, Nurmuhammet Andalyp adyndaky drama teatryna işe ýollandym.

Turuwbaşdan halypam, teatr studiýasyndaky mugallymym Aman Gurbandurdyýewiň inisi Atamyrat halypanyň şägirtlere, öz işine, teatr sungatyna gezek gelende hossarçyl, aladaçyl adamdygyna göz ýetirdim.Ol bize ýuwaş-ýuwaşdan halypalyk goluny uzadyp başlady.

Okuw bir başga eken, teatr dünýäsine aralaşyp, işe başlaňsoň, tejribe ýoly bir başga eken.

Sahnada halypa režissýor Çary Mommadowyň sahnalaşdyran Baý we batrak spektakly gidýärdi.Bu eser özbek halkynyň durmuşyndandy.Baş gahrymanyň keşbinde bolsa, Atamyrat Gurbandurdyýew çykyş edýärdi.Ol sahnada düýbünden başga adama öwrüläýýän eken-ä.

Hyjuwly, dogumly gahryman ýigit Gapuryň keşbini şeýle bir janlandyrypdy welin, heý, goýaý… Şol döwürlerde teatrlaryň arasynda tejribe alyşmak üçin paýtagtdaky teatrlar bilen welaýat teatrlarynyň arasynda golaý gatnaşyk bardy.Ana, şol Baý we batrak spektaklynda hem belli artistlerden Sona Myradowa, Ýelizaweta Garaýewa dagy hem çykyş etdi. Şonda ussat halypa Sona Myradowanyň Atamyrat aganyň bu işine beren bahasy gaty ýokary boldy.

Ol: Şu wagta çenli Gapuryň keşbini kän artist janlandyrdy. Ýöne, Atamyradyň Gapury olar bilen deňeşdireniňde gaty uly tapawut edýär diýipdi.Sona Myradowanyň bu sözleri henizem gulagymdan gidenok. Ýene bir guwandyryjy zat, bu esere goňşy döwletlerden gelen özbek doganlarymyz hem tomaşa edipdirler.

Sahna oýny tamamlananyndan soň, olar bu eser hakda, aýratyn hem Atamyrat aganyň ussatlygy hakda köp gürrüň etdiler…

***

Türkmenistanyň at gazanan artisti Atamyrat Gurbandurdyýewiň ýatlama depderinde şeýle ýazgylara duş geldim: Kärdeşlerimiň dilinde pylan keşbi oýnadym diýmek ýoň bolupdyr.Bu asla heňe gelenok.Sahna eserini ýazanyň, režissýoryň, döredijilik toparyň, galyberse-de, tomaşaçynyň ynamy diýen uly bir zat bar.

Ony ödemek üçin janlandyrýan keşbiňi oýnamaly däl-de, şol keşpde ýaşamaly.Durkuň-düýrmegiň bilen oňa berlip, hupbatly hysyrdylary başdan geçirmeli.Keşbi oýnajak bolsaň welin, onuňam seni oýnap oturyberjegi belli. Şonuň üçin bu meselede türkmen medeniýetiniň, sungatynyň düýbüni tutan ägirtleriň döredijiligi bu ýola düşen hem düşýän ýaşlara nusga bolmaly.

Meniň ömrümiň halypalary owal başda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Watan üçin başyny goýan kakam Gurbandurdy Garajaýew, dört ogul, iki gyzy ýetimlikden mertebe namysyny depesinde göterip, adam eden käbäm ejem Soltanjemal, eziz agalarym Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Amangeldi Gurbandurdyýew, biregne 40 ýyldan gowrak Aşgabadyň aýna kombinatynda işçi kärinde zähmetde bişişen Türkmenistanyň senagatda at gazanan işgäri Rejepgeldi Gurbandurdyýew, ömrüni oba hojalygyna bagyş eden Annamämmet Gurbandurdyýew iki dünýe buýsanjymdyr.

Iki naçar doganlarym Amansoltan, Amangözel 1948-nji ýylyň pajygasynda ýerde galdylar.Durmuş, iş tejribämde bir zada anyk göz ýetirdim.Adamda iň esasy zat, ilki bilen belent adamkärçilik gerek.

Bu iki dünýe Ynsan bolmagy başarýana aňsat, başarmaýana kyn.Adamkärçiligiň bolmasa sylag-hormatyňam jyzlanyň ömri ýalydyr.Bir akyldaryň aýdyşy ýaly, Görnüşiň ýaly bol ýa-da bolşuň ýaly görün diýleni hak. Şu pähim meniň tutuş ömrümde esasy ýörelgäm boldy….

***

Her gezek ussatlygy bilen beýgelen artist orta çykanda, sahna-da beýgelip, täze belentlige çykan ýaly bolýar.Muny ilki bilen talapkär tomaşaçy duýýar.Gujak-gujak güller, dowamly elçarpyşmalar munuň şeýledigini görkeze-görkeze gelýär.

Bu ― sungaty, sahnany belende çykaran ussatlaryň zähmetine goýulýan hormat-sarpadan nyşan.Teatry ilkinji öýi saýan, ömrüni sungata bagyş eden, aramyzda sag-aman gezip ýörenliginde 6-njy noýabrda 80 ýaşamaly Atamyrat halypa hem türkmen teatr sungatynyň taryhynda uly iş bitiren şeýle ussatlaryň biri hökmünde hakydalarda galdy.

Goçnazar HEŞDEKOW.

The post Sahna belentligi appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
BIZI ÝAT EÝLESIN DEŇ-DUŞLARYMYZ, ILIM-MENIŇ
Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň täze Baş prokuroryny belledi
Türkmenistanyň adalat ministrine ýustisiýanyň 3-nji derejeli döwlet geňeşçisi hünär derejesi berildi
Türkmen alabaýy milli mirasymyz
Arkadag şäherinde Döwlet daragty atly sahna eseriniň ilkinji görkezilişi boldy