Şarif Türkiýänbiň Pakistandaky İlçisi Mehmet Paçajyny Yslamabatdaky ofisinde kabul etdi.
Şarif duşuşykda Türkiýe bilen Pakistanyň arasyndaky 5 milliard dollarlyk söwda maksadyna ýetilmeği üçin söwda gatnaşyklarynyň giňeldilmelidigini beýan etdi.
Şarif Pakistan bilen Türkiýäniň esasy meselelerde birek-biregi yzgiderli goldaýandygyny, onuň geljekde-de dowam etjekdigini aýtdy.
Prezident R.T.Erdoganyň özüni wezipä girişmegi mynasybetli gutlamagyna kanagatlanma bildiren Şarif, milli söweşjeň uçar “KAAN-yň” üstünlik uçuş synagy mynasybetli Türkiýäni gutlady.
Şarif Türkiýe-Pakistan Ýokary derejeli strategik geňeşiň 7-nji mejlisine gatnaşmak üçin Erdogany Palistana çagyrandygyny beýan edip, Pakistanyň halkynyň Prezident Erdogany paýtagt Yslamabatda myhman almaga sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny aýtdy.
Ilçi Paçajy bolsa premýer-ministrlik wezipesine gaýtadan saýlanan Şarifi gutlap, iki ýurduň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň ähmiýetini nygtady.