Sahara çölüne sil geldi

Dünýäniň iň uly çölleriniň biri hasaplanýan Saharada köp mukdarda ýagan ýagyş siliň döremegine getirdi.Marokkoda gysga wagtda köp ýagynyň ýagmagy käbir çöllük ýerlerde kiçiräk köljagazlary emele getirdi.

Bu ýerde bir ýylyň dowamynda düşýän ygal iki günüň dowamynda ýagdy. Ýagşyň çölüň iň gurak sebitlerine hem täsir edendigi mälim edildi.Emeli hemralar arkaly alnan suratlarda 50 ýyllap suwsuz ýatan Iriki kölüniň hem suwdan dolandygyny görmek bolýar.

Sebitde soňky alty ýyl has gurak geçipdir. Marokkonyň Meteorologiýa edarasynyň hünärmenleri soňky 50 ýylda şeýle ygalyň bolmandygyny, ýagşyň howadaky çyglylygyň mukdaryny hem artdyryp, täsirini birnäçe ýyllap dowam etdirjekdigini aýdýarlar. Sentýabr aýynyň başynda emele gelen bu tebigy hadysa ýurduň suw howdanlaryny hem doldurypdyr.

Aýlar TÄJIÝEWA,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.

Ýene degişli makalalar

10-njy oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Kanar adalaryna barýan bikanun göçegçileriň sany artdy
Marokkoda bolan dört aýry partlamada bir adam ýogaldy
Oba hojalygyndaky düýpli özgertmeler
Ysraýylyň Gaza garşy guraýan hüjümlerinde adamlaryň sany 11 müň 100 adamdan geçdi
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Hasyl toýy bilen gutlady