Saha Türkçesi - 2

Saha Türkçesi - 2

Türk Diliniň Jadyly dünýäsi atly gepleşigimiz bilen biz ýene-de siziň bilen birlikde. Gepleşigmiziň öňki bölüminde gysgaça Saha (Ýakutiýa) Respublikasy, Saha türkleri we Saha türkçesimiň üstüne durup geçipdik. Şu gün bolsa Saha türkçesini gysgaça ýagdaýda sosiolinguistik taýdan ele alarys.

Saha türkleriniň ata-babalarynyň şu günki gün ýaşaýan geografiýasynyň günortasynda, başgaça aýdanymyzda, Baýkal kölüniň töwereginde ýaşandyklary we Türk-Runa ýazgylaryna meňzeş ýazgyny ulanandyklary bilinýär, emma ýazmaça dil däbi demirgazyga göçen mahallary kesildi.

Uzak wagt dowam eden “ýazgysyz” döwürden soň, Saha diliniň ilkinji gezek ýazga geçirilmegi, Sibire tapawutly ylmy-derňew syýahatlaryna gatnaşan, günbatarly alymlar bilen başlandygy çak edilýär.Bu tapgyr 17-nji asyra gabat gelýär, Latyn we Rus elipbiýler bilen ençeme saha dilindäki sözleriň sanawy düzüldi.

Onuň dowamynda 19-njy asyryň ortasyndan başlap, Saha türkçesi bilen bagly ylmy-derňew işleri başladyldy.Ilkinji gezek 1917-nji ýylda Latyn elipbiýiniň esasynda Saha elipbiýi taýarlandy, şol ýyl elipbiý kitaby çap edildi. Şol çäkde türk jemgyýetleriň arasynda Latyn elipbiýini ilkinji bolup ulanan toparyň Sahalar bolandygyny aýdyp bileris. 1924-nji ýylda Ýakut ýazgysy mejlisi döredildi we şol ýyllarda Saha ýagny Ýakutiýadaky mekdeplerde Saha türk dilinde taýarlanan ders kitaplary bilen Saha dilinde bilim berilmäge başlandy. 1926-njy ýylda Ýakutsk neşir organy döredildi we Saha türk dilinde köp sanda ders kitaplary we terjime edilen edebi eserler çap edildi. 1929-njy ýylyň mart aýynda Ýakutsk awtonom Sowýet Respublikasynyň hökümediniň karary bilen, şol ýyl SSSR-iň gol astynda ýaşaýan türkleriň arasynda taýarlanan Latyn elipbiýi esasyndaky Umumy Türk elipbiýine resmi ýagdaýda geçildi.

SSSR-iň serhetleriniň çäginde ýaşaýan ähli türki halklaryň Kril elipbiýindäki elipbiýe geçiş tapgyrynyň netijesinde, Saha türkleri hem 1939-njy ýylda şu günki gün ulanylýan elipbiýi kabul etdiler.

Saha türkleri has ýaş ýazuw diline eýe bolmaklaryna garamazdan, hem ilat hem-de ykdysady güýç taýdan Sibir sebitindäki beýleki respublikalar bilen deňeşdirilende has ösen derejededir.Oňa goşmaça ýagdaýda bolsa Russiýa Patyşalygy döwründe 1897-nji ýylda geçirilen ilkinj döwrebap ilat sanawynda iň ýokary sowatlylyk derejesi hem Saha ýagny Ýakutiýada ýüze çykdy.

Saha türkleri öz ene dillerini goramak we diliň örän tapawutly funksiýalarda ulanylmagy taýdan Sibirdäki beýleki toparlar bilen deňeşdirip bolmajak derejä eýedir.Hatda 19-njy asyryň ahyryna çenli biri-birinden tapawutly eserlerde Sahada Saha türkçesiniň demirgazykdaky beýleki halklar bilen deňeşdirilende ruslar tarapyndan giňişleýin ýagdaýda ulanylandygyna ünsler çekilýär. Şol sebäpli 1917-nji ýyldaky Ynkylaba çenli bolan wagt aralygynda Sahada ýaşaýan etniki toparlaryň arasyndaky iki dillilik, ýagny saha we rus dillerinde bellige alyndy.

Başgaça aýdylanda, Saha sebitde esasy dil, rus dili bolsa ikinji dil boldy.

Saha türkçesi SSSR zamanynda bolşy ýaly şu günki gün hem bilimde we resmi ýazuwlarda rus dili bilen birlikde ulanylýar.Saha (Ýakutiýa) Respublikasynyň serhetleriniň çäginde ýerleşýän mekdepleriň aglabasy dersleri Saha türkçesinde berilýär.

Bu dilde ýazylan asyl we terjime edilen eserlerden ybarat uly edebiýatynyň bardygyny aýtmak bolar. Şonuň bilen birlikde Saha türkçesinden beýleki dünýä dillerine terjime edilen köp sanda eser bar, emma ýokary okuw jaýlaryndaky bilimiň rus dilinde berilmegi, şäher durmuşy we senagatlaşdyrylan zolaklaryň täsiri bilen Saha türkçesi ýuwaş-ýuwaşdan finsionallygy azalyp, abraýyny ýitirýär.

Sebäbi ýaşlar ady agzalan faktorlary öz geljekleri üçin has amatly hasap edýärler.Bu ýagdaý 20-nji asyryň ortasyndan bäri dowam etmek bilen birlikde, Saha türkçesi häzirki günde sebitiň 2-nji dili ýagdaýyna çenli peseldi.

Saha türkçesiniň sebitdäki esasy dil aýratynlygy gowşan hem bolsa, esasan hem Sahalaryň üýşüp ýaşaýan zolaklarda durmuşyň her bir ugrunda giňden ulanylmagy, bu diliň ýitip gitmegini goraýar.

Saha ýagny Ýakutiýa Respublikasy, Saha türkleri we Saha türkçesi üçin bölüp aýyran bölümimizi tamamlaýarys. Nobatdaky bölümde türk dialektleriniň tapawutly geografiýasynda duşuşmak dilegi bilen, hoş sag boluň.

Gepleşigimiz TRT TSR üçin Prof.Dr. Gülsüm Killi Ýylmazyň maslahat bermeginde Dr. Saida Burkhanidinowa tarapyndan taýarlandy.

Ýene degişli makalalar

Saha Türkçesi - 1
Russiýada 56 dereje sowuk hasaba alyndy
Dünýädäki täsin ýaşaýyş ýerleri
Toý toýlanýar medeniýetiň şanyna
Ýakut kinosy girdejilerini artdyrdy
Türkmen döwlet maliýe institutynda geçirilen halkara olimpiadanyň netijeleri yglan edildi