Saha Türkçesi - 1

Saha Türkçesi - 1

Türk Diliniň Jadyly Dünýäsi atly gepleşigimiziň 4-nji bölümi bilen biz ýene-de siziň bilen.Gepleşigimiziň öňki bölüminde örän gadymy ýazmaça dile eýe bolan, taryhdaky funksionallygy şol döwürdäki Ýewropa dilleri bilen deňeşdirilende has ösen bir dildigi subut edilen, şu günki gün bolsa häzirki gepleşilýän türk dialektleriň arasynda köne türk diline iň ýakyn dil bolmagy bilen bilinýän, emma funksionallygy taýdan çäkli galan Uýgur türkçesiniň üstünde durup geçipdik.

Indi bolsa has ýaş ýazuw diline eýe bolmagyna garamazdan, resmi dil statusy berilen we 2000-nji ýylda ÝUNESKO-nyň howp astynda bolan dilleriň gyzyl kitabynyň düzümine girizilen we Demirgazyk-gündogar Aziýa böleginde bolup (UNESCO Red Book On Endangered Languages: Northeast Asia), birnäçe wagt soň “howp astynda bolmaýan” dilleriň sanawyna girmegiň hötdesinden gelen, emma 2010-nji ýylda ýaňadandan ÝUNESKO-nyň Dünýäde howp astyndaky dilleriň atlasynda “Goragsyz dil” klassifikasiýasyna girizilen Saha (Ýakut) türkçesiniň üstünde durup geçmek isleýäris.

Ural daglary bilen Saýan, Altaý we Týan-Şan daglarynyň arasynda ýerleşýän sebit türki halklaryň ata-babalarynyň ýaşan ýeri hökmünde bilinýär.Başgaça aýdanymyzda türki halklaryň ata watany hökmünde kabul edilýär. Ýüz ýyllaryň dowamynda giň bir geografiýa ýaýran türki halklar, programmamyzyň ilkinji bölüminde hem üstünde durup geçişimiz ýaly günbatarda Balkanlardan gündogarda Ýuwaş okeana, demirgazykda Demirgazyk Buzly okeandan günortada Tibete çenli uzap gidýän giň geografiýada kämahallar uly toparlar görnüşinde we garaşsyz, kämahallar bolsa kiçiräk toparlar görnüşinde we beýleki halklar bilen garyşyp ýaşadylar.

Saha türkleri, türkleriň häzirki ýaşaýyş ýerleriniň iň demirgazyk-gündogar künjeginde ýerleşýän Saha (Ýakutiýa) Respublikasynda ýaşaýarlar.Saha (Ýakutiýa) Respublikasy Russiýa Federasiýasyna degişli awtonom respublikadyr.Demirgazyk-gündogar Sibirde ýerleşýär we territoriýasynyň ululygy boýunça Russiýanyň iň uly awtonom Respublikasydyr.

Bu aýratynlygy bilen Gazagystandan soň iň uly territoriýa eýe bolan Türki respublika hökmünde bilinýär.Dünýäniň iň uly almaz ätiýajyna eýe bolan Saha, Russiýanyň gol astyna 17-nji asyrda girdi.

Bu tapgyrda 280 ýyldan gowrak wagt Russiýa Patyşalygynyň, 73 ýyl SSSR-iň düzüminde galan bolsa, häzirki wagtda Russiýa Federasiýasyna degişli respublika hökmünde barlygyny dowam etdirýär.Takmynan 1 million ilata eýe bolan Saha ýagny Ýakutiýa Respublikasy, Sibir sebitinde ýerleşýän Türki Respublikalarynyň arasynda ilat taýdan iň köp türk jemgyýetini özünde jemleýär.

Paýtagty Lena derýasynyň kenarynda ýerleşýän Ýakutsk şäheridir.

Rus we Günbatar edebiýatynda Ýakut hökmünde tanalýan halkyň özlerini Saha diýip atlandyrýarlar.Saha we Ýakut etnonimleri barada dürli pikirler bar.Olaryň biri Saha we Ýakut etnonimleirniň “kenar, kenarýaka” manysyndaky “ýaka” sözi bilen arabaglanşyklydyr.

Sahalar öz sebitlerinden daşary Saha Respublikasyna goňşy bolan sebitlerde kiçiräk toparlar görnüşinde ýaşaýarlar.Sahalar resmi taýdan hristian bolsa-da, adaty ynanç ulgamlaryny dowam etdirýärler.Saha türkçesi türk dialektleriniň Demirgazyk-gündogar ýa-da Sibir toparyna degişli.

Umumy Türk dilinden has irki döwürde bölünip, günümizde gepleşilýän türk şiwelerinden garaşsyz ýagdaýda özgerdi.Bu tapgyrda mançžur, tungus, mongol, ket, ýukagir ýaly sibiriň beýleki ýerli halklary bilen güýçli gatnaşyk ýola goýdular. Şol sebäpli Saha (Ýakut) türk dili bilen, häzirki wagtda gepleşilýän türk dialektleriniň arasyndaky tapawutlylyklar uly bolup, düşünişmek derejesi kyndyr.

Saha türkçesi Saha halkynyň dili bolmak bilen birlikde, Saha Respublikasynda ýaşaýan beýleki ýerli halklaryň hem aragatnaşyk dilidir.Saha türkçesinde gepleşýänleriň sany 2010-njy ýyldaky statistikalara görä 450 müňden gowrakdyr.

Şu gün biz size Saha ýagny Ýakutiýa Respublikasy, Saha türkleri we Saha türkçesi barada gürrüň berdik. Gepleşigimiziň nobatdaky bölüminde bolsa Saha türkçesini gysgaça sosiolinguistik taýdan ele alarys.

Programma TRT TSR üçin, Prof.Dr. Gülsüm Killi Ýylmazyň maslahat bermeginde Dr. Saida Burkhanidinowa tarapyndan taýarlandy.

Ýene degişli makalalar

Saha Türkçesi - 2
Russiýada 56 dereje sowuk hasaba alyndy
Toý toýlanýar medeniýetiň şanyna
Ýakut kinosy girdejilerini artdyrdy
Dünýädäki täsin ýaşaýyş ýerleri
5-nji dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti