Ýurduň saglyk işgärleriniň gününi golaýda döredilen “Arkadag” medalyny ozaly prezidente, soňra türk biznesmeni Ahmet Çalyga we beýlekilere bermek bilen bellän Aşgabat saglyk pudagynda emele gelen agyr ýagdaýy, ilatyň saglygyny gormak üçin zerur bolan serişdeleriň goýberilmeýändigini boýun almaýar. Şu aralykda, öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Yslam ösüş bankynyň Mary, Balkan we Lebap sebitlerinde gurulmaly Onkologiýa merkezleriniň gurluşyklaryny maliýeleşdirmegi teklip edendigini öňe sürdi.
Bu gaza baý ýurduň saglyk desgalaryny gurmak üçin hem karza, bergi-borja girýändigini yşarat edýär.Emma prezident hünär baýramyna gabat çap eden gutlagynda “...lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeliliginiň, elýeterliginiň we hiliniň yzygiderli ýokarlandyrylýandygyny” aýdýar. Ýaşaýjylar munuň 'edil beýle däldigini' öňe sürýärler.
Syzyp çykýan maglumatlar, daşary ýurtlarda saglyk bejergisini alýan raýatlaryň berýän gürrüňleri we beýleki görkezijiler Türkmenistandaky saglygyň 'salgymdan aňyrdadygyny' aňladýar.
Azatlygyň habarçylarynyň soňky bir hepdäniň içinde gürleşen adamlaryndan alan maglumatlaryna geçmezden öň, Türkmenistanyň saglyk pudagynyň soňky 30 ýylda juda agyr’ diýilýän synaglary başdan geçirendigini, ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň saglyk pudagynda geçiren uly ştat kemeltmelerini, ozalky saglyk ministri Gurbanguly Berdimuhamedowyň prezident bolan ýyllarynda çuňlaşan ykdysady kynçylyklaryň we korrupsiýanyň ilatyň saglyk hyzmatlaryny almak mümkinçiliklerini ençeme esse kynlaşdyrandygyny bellemek gerek. Şol bir wagtda, ýurtdaky keselçilik ýagdaýlary berk ýaşyrylýar, häkimiýetler bu meselede açyk maglumat almaga, barlag işlerini geçirmäge düýpden ýol bermeýärler, garaşsyz metbugat bilen gürleşýän näsaglar we lukmanlar özleriniň has agyr ýagdaýa düşmek ähtimallygyndan uly alada galýandyklaryny aýdýarlar.
Covid-19 döwründe binäçe ýakyn garyndaşyny gara klýonka dolanyp berlen görnüşde jaýlan lukamnyň aýtmagyna görä, saglyk işgärleri 'syr açmakdan', işlerini ýitirmekden ýa beýleki ýanamalardan gaty gorkýarlar. Şu sebäpden Azatlyk käte pikirini aýdýan adamlaryň ýaşaýan sebitlerini hem agzamaýar.
Ýerli kanunlar raýatlaryň saglyk kömegini almagyny we dürli ýeňillik hukuklaryny kepillendirýär, emma saglyk hyzmatlary, döwlet kömekleri ýa-da ýeňillikleri baradaky kanunlar hem, beýleki ugurlarda bolşy ýaly, köplenç kagyz ýüzünde galýar. “Idili saglyk hyzmatyny aljak bolsaň, ýa zeriň, ýa zoruň bolmaly, puly bolan bärde lukmanlara ýüz tutman, göni ýurt daşyna gidýär” diýip, Azatlygyň bir söhbetdeşi aýtdy.
Habarçylar bilen gürleşen ýaşaýjylar, şol sanda saglyk ýagdaýy sebäpli derman kömegine, maliýe kömegine mätäç bolan adamlar kanunda wada berlen kömekleri almagyň berjek paraňa baglydygyny we Türkmenistanda näsag bolmagyň “gaty gymmat düşýändigini”, köp adamyň derdini öýde çekmegi saýlap alýandygyny, sebäbi ilatyň aglaba köplüginde saglyk hyzmatlaryna ýetjek serişdäniň ýokdugyny aýdýarlar.
“Türkmenistanyň hassahanalarynda hiç näsaga mugt gyzgyn nahar berilmeýär, näsag ýa onuň garyndaşlary, çaý-nahardan başlap, nireden arzanrak derman gözlemelidigine çenli özleri alada etmeli, hassahana tölegleri, lukmanlara beriljek para hem näsagyň işi... Pulsuzlyk köp näsagy öýünde bejergi almaga mejbur edýär” diýip, habarçymyz bilen gürleşen raýat aýtdy.
Türkmenistanyň üç sebitinde guruljak onkologiýa merkezleriniň harajady baradaky habaryň saglyk işgärleriniň hünär baýramynda buşlanmagynyň’ hem, görnüşinden, özboluşly sebäbi bar. Resmi Aşgabat ýurtdaky keselçilik maglumatlaryny berk gizlese-de, habarçylar bilen gürleşýän adamlar onkologiýa keselleri bilen keselleýän adamlaryň “juda köpelendigini” habar berýärler.
“Häzirki wagtda onkologiýa kesellerinden, inçekeselden ejir çekýän adam has köp. Üçünji orunda gan aýlanyşygy bilen bagly kesellerden ejir çekýän adamlar durýar” diýip, habarçy bilen anonimlik şertinde gürleşen saglyk hünärmeni aýtdy.
Aýdylmagyna görä, ýaşy altmyşdan geçen adamlaryň köpüsinde gan basyşynyň ýokarlanmagy ýa pes bolmagy bilen bagly keseller döreýär.
“Her maşgalada diýen ýaly keselli, dermana, bejergä mätäç adam bar. Çagalaryň arasynda-da keselleýänleri kän. Çagalar esasan gan azlygyndan, allergiýadan, dem alyş ýollarynda döreýän kesellerden kän ejir çekýärler” diýip, bir ýaşaýjy aýtdy. Ol bu ýagdaýy “nerwi, stres, azyk ýetmezligi” bilen baglanyşdyrdy we “bular her maşgalada bar” diýdi.
“Garyp maşgala kän, göwreli gelinleriň witamin ýetmezçiligi doguljak çagalaryň näsag bolmagyna alyp gelýär. Garyp adamlar wagtynda we gowy bejergi alyp bilmeýärler, hemişe gijigip, dertleri has beterläninden soň, halys çydamasalar hassahana ýüz tutýarlar” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi belledi.
Ýaşaýjylaryň köpüsi keselçiligiň köpelmegini, garyplyk bilen bir hatarda, arzan görlüp iýip-içilýän zatlar, hususan-da soňky döwürde köpelen şerbetli suwlar bilen baglanyşdyrýar.
“Türkmenistanda her hili içimlik suwlar öndürilýär. Olaryň düzümindäki goşundylar esasan daşary ýurtlardan getirilýär. Bu suwlaryň saglyk üçin näderejede ýaramlydygyny, şeýle-de olaryň howpludygyny ýa howpsuzdygyny aýtmak kyn” diýip, bir ýaşaýjy aýtdy.
Inçekeselli adamlaryň köp bolmagy Türkmenistanyň türme, tussag meselesi, çilim, temmäki önümleri babatda dörän agyr ýagdaý bilen baglanyşdyrylýar.
“Inçekesel bilen keselleýänler barada aýdylanda, bu ýerde faktor köp.Mysal üçin, türmede bolup, ol ýerde inçekesel bilen keselläp, gutulyp-gutulman azatlyga çykan adamlar... Çilim, temmäki önümleriniň söwdasyna girizilen döwlet monopoliýasy, çilim nyrhlarynyň ýokarlanmagy ýurtda her hili otlardan ýasalýan mahorka’ çilimleriniň köpelmegine getirdi.
Işsiz, ýa işi bolsa-da, aýlygy eklenjine ýetmeýän adamlar hili pes çilimleri çekip, öz öýkenlerini zaýalaýarlar” diýip, Azatlygyň bir söhbetdeşi ýatdy.
Türkmen manadynyň ýagdaýy ýa-da ýurtda walýutanyň iki kursunyň saklanmagy hem näsaglar, olaryň hossarlary üçin döredilýän goşmaça, emeli kynçylyklaryň köpelmegine getirýär.
“Dermanlara we beýleki zerur zatlara dollaryň gara bazar bahasyndan nyrh kesilýär, saglyk öýlerindäki korrupsiýa uly mesele bolmagynda galýar” diýip, bir ýaşaýjy aýtdy.
Onuň sözlerine görä, uly adam bolsun ýa-da çaga, tapawudy ýok, näsaglygyň çykdajysy korrupsiýa, saglyk işgärleriniň kyn ýagdaýa düşen raýatlaryň hasabyna bikanun gazanç etmek islegleriniň ýokary bolmagy sebäpli has köpelýär.
“Maýyp adamlaryňky has kyn. Çaga bolsun, uly adam bolsun, tapawudy ýok, olar her ýyl saglyk barlagyndan geçmeli.Saglyk barlagyna her ýylda iki gezek, her alty aýdan alynýan medisina bejergisi hem girýär.
Bu bejergi üçin lukmanlara 600-1000 manat aralygynda para bermeli, eger şol berilmese, näsagyň hassahanada ýatmaly wagty dürli bahanalar bilen yza süýşürilýär.Eger parany gowurak berseň, hassahanada ýatmasaň hem bolýar, derrew ýatdy edip, gerek kagyzlaryňy düzedip berýärler” diýip, maýyplaryň we olaryň maşgalalarynyň ýagdaýyny gowy bilýän raýat gürrüň berdi.
Resmi taýdan tassykladyp bolmaýan maglumatlara görä, käbir halatlarda, maýyplyk üçin saglyk komissiýasyndan geçýän adamlaryň 10 müň manada çenli para bermeli bolýan wagtlary hem bolýar. “Para bermedik raýatlaryň maýyplygyny düzetdirmek işi uzaga çekdirilýär.
Dürli bahanalary tapýarlar.Düýbünden ýöräp bilmeýän, örän ýarawsyz haldaky adamlar hem, özlerine degişli saglyk edaralaryna baryp, birnäçe sagatlap dowam edýän komissiýa barlagyndan geçmeli bolýar” diýip, Azatlygyň bir söhbetdeşi aýtdy.
Saglyk edaralarynda para bermedik, pulsuz adamlar bilen gödek, azgyrylyp gepleşýän lukmanlaryň hem az däldigi aýdylýar.
Oba ýerlerindäki saglyk hyzmatlarynyň has ýaramazdygy, saglyk öýleri diýilýänlerde zerur bolan iň ýönekeýje şertleriň hem döredilmeýändigi aýdylýar.
Dünýäniň köp ýurdunda internet saglyk maglumatlarynyň, öz derdini bejermekde, keselden saplanmakda keseliň däl, lukmanyň tarapynda bolmak, oňa we özüne kömek etmek isleýän adamlaryň esasy çeşmesine öwrüldi.Azatlygyň söhbetdeşleriniň tassyklamagyna görä, köp adamyň internet elýeterliligi bolmasa-da, türkmenistanlylaryň arasynda hem internetden saglyk maglumatlaryny alýan, bir-birine geçirýän adam köpelýär.
Türkmen metbugaty, gazet-žurnalar, radio we telewideniýe halka saglyk maglumatlaryny bermekde yza galýar we köplenç ot-çöpler, dermanlyk ösümliklerden peýdalanmak maslahatyny öňe sürýär.
“Internetden öz kesellerine degişli ýazgylary tapyp, şolar esasynda saglygyny dikeldýän adamlar soňky döwürde has köpeldi. Bu görnüşdäki bejergi adamlara arzan düşýär” diýip, ýurtdaky garyplygy saglygyň esasy “duşmanlarynyň biri” hökmünde häsiýetlendiren ýaşaýjy aýtdy.
“Türkmen metbugaty sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz edýär, ýurtda mejbury-meýletin ýagdaýdaky sport çäreleri köpeldi, bu hakykatdanam sport bilen meşgullanýan, sport arkaly saglygyny pugtalandyrýan adamlaryň köpelmegine getirdimi?” diýen soraga jogap beren ýaşaýjy “sport bilen esasan barly maşgalalaryň agzalarynyň meşgullanyp bilýändigini, garyp maşgalalaryň agzalarynyň köplenç bir garny dok, beýleki garny aç ýagdaýa ýaşaýandygyny, olaryň sporta kän eliniň degmeýändigini” aýdyp jogap berdi.
Soňky ýyllarda türkmen lukmanlarynyň näsaglara goýýan diagnozlarynyň ýalňyş çykýan wagtlarynyň köpelýändigi baradaky aladalar güýçlendi. Azatlygyň söhbetdeşleri bu ýalňyşlyklary öz işini gowy bilýän, sowatly lukmanlaryň köpüsiniň pensiýa çykmagy ýa-da başga ýurtlara işlemäge gitmegi, soňky ýetişýän saglyk hünärmenleriniň gowşaklygy ýa-da ýeterlik tejribesiniň bolmazlygy bilen baglanyşdyrýarlar.
“Diagnozlar her hassahanada dürli-dürli goýulýar.Iň bärkisi gemoglabin tabşyranyňda hem laboratoriýalar başga-başga netijeleri görkezýär.Welaýatlarda goýlan diagnozlar merkezde ýalňyş hasaplanýar.Haýsy diagnoza ynanjagyňy bilip bolmaýar.
Merkezde rak (düwnük) keseliniň diagnozy goýlup, daşary ýurda gidip barladanda, başga keseliň diagnozy goýulýan adamlar hem bar.Mysal üçin, Türkmenistanda rak keseliniň diagnozy goýlan adam Hindistana gidýär we ol ýerde geçirilen birnäçe barlagdan soň, onda beýle keseliň asla bolmandygy anyklanýar” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.
Ýaşaýjylaryň biri, saglyk pudagynda çuň ornaşan korrupsiýa garamazdan, lukmanlaryň arasynda hem gowy adamlaryň az däldigini aýtdy.
“Lukmanlaryň içinde gowulary kän, olar garyplara kömek edip, bejergilerini mugt edip berýärler. Hatda yzyndan adam gelmeýän näsaglaryň gündelik naharlaryny alyp berýän, ýetmeýän dermanlaryny öz puluna satyn alýan lukmanlar hem bar. Başga kömek edip bilmeseler, näsaglaryň öýlerinde bejergi almagy üçin etmeli zatlaryny ýazyp berýän lukmanlar hem bar” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.
Şäher ýerleri bilen deňeşdirilende, oba ýerlerinde ýaşaýan adamlaryň saglyk kömegini almagy has kyn, “Tiz kömek” awtoulaglary etrap ýerlerinde bar, emma olar daş obalara baryp bilmeýär, ýollar gaty erbet, ýagynly günlerde dagy maşynly girer ýaly däl, emma häkimiýetler başga gurluşyklara milliardlarça dollar harçlap, oba ýollaryny unutdylar diýip, synçylar aýdýar.
“Oba ýollary çukur-çukur, maşyn sürer ýaly däl, bu ýagdaýda näsaglan adamlar öz çärelerini özleri görmeli bolýarlar” diýip, oba ýaşaýjylarynyň biri aýtdy.
Ýöne “Tiz kömek” meselesi, Azatlygyň käbir söhbetdeşleriniň aýtmagyna görä, şäher ýerlerinde hem gowy däl.
“Şäher merkezinde hem “Tiz kömek” çagyrsaň, wagtynda gelmeýär. Ýa gelseler, ýanlarynda gerekli dermanlary bolmaýar. Ýa-da lukmanlar ýanlary bilen satlyk derman getirýärler” diýip, ýaşaýjy aýtdy.
“Hassahanalaryň ýerleri mugt däl, diňe çagalar bölümleri mugt, hassahanalaryň belli bir bölümleri mugt bolýar. Hassahanalar hojalyk hasaplaşygyna geçirilensoň, otaglaryň köpüsi tölegli edildi. Her hassahananyň özüne görä nyrhnamasy bar. Şoňa görä näsaglaryň ýatjak palatalaryna nyrh çykarylýar” diýip, Azatlygyň bir söhbetdeşi saglyk hyzmatlary bilen adamlaryň ykdysady ýagdaýynyň arasyndaky boşlugyň barha ulalýandygyna ünsi çekdi.
“Näsag adamlaryň iň esasy we ilkinji kynçylygy pulsuzlyk bilen bagly, hassahana eliň boş baryp bolmaýar. Çaga dogrulýan öýe baran gelinleriň hossarlarynyň ýanynda azyndan 2-3 müň manat puly bolmaly.
Buşluk berilmeli pul, gerek dermanlary almak we beýleki birnäçe çykdajyny ýapmak üçin pul gerek.Hassahana düşen adamlar “aklyk”, “el aklygy” diýip, lukmanlara, şepagat uýalaryna hem pul tutdurmaly, ýogsa olar wagtynda öz etmeli işlerini etmeýärler.
Lukmanyň barlagy, bejergisi üçin, her haýsyna aýratyn pul tölemeli.Lukmanlaryň käbiri näsaglara gereksiz dermanlary aldyrýar.Renimasiýa düşen näsaglaryň garyndaşlaryna artykmaç derman ýazyp berýärler we olary soň özleri alyp, başga bir näsaga satýarlar.
Hassahanalaryň içinde şunuň ýaly geň zatlar hem bolýar” diýip, bir ýaşaýjy gürrüň berdi.
Ýurt içinden gelýän habarlar ilata hyzmat edýän onkologiýa hassahanalarynyň “gaty könedigini” öňe sürýär. “Palatalarda agyr keselli näsaglar üçin zerur bolan şertler ýok. Derman ýetmezçiligi ýiti duýulýar. Diagnozlar, bejergi ýalňyş hem bolup bilýär” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.
Aýdylmagyna görä, hassahanalardaky enjamlar hem gowy işlemeýär.
“MRT diagnostikasy üçin 2-3 aý öňünden nobata durmaly, ýöne para berseň, nobatsyz hem geçip bolýar. ...ölüm ýassygynda ýatan hassalaryň agyrylaryny aýyrmak ýa ýeňletmek üçin diklefenak (diclofenac) goýberilýär. Ýarawsyz adamlar agyrylaryna çydaman, köplenç huşlaryny ýitirýärler, koma gidýärler.
Türkmenistanyň medisinasy hem, beýleki pudaklar ýaly, korrupsiýa gömlen.Onkologiýa hassahanalarynda operasiýa etdirmek üçin lukmanyň eline 5 müň manada çenli pul berilýär.Bejergini puluň ýagdaýyna görä alyp bolýar” diýip, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjy aýtdy.
Synçylaryň käbiri saglyk hyzmatlarynyň hilini gowulandyrmak üçin ozaly bilimdäki korrupsiýa meselesini çözmelidigini, emma häkimiýetleriň bu meseläni açyk boýun almaga, açyk maslahatlaşmaga hem taýýar däldigini aýdýar.
“Lukmançylyk mekdeplerine okajak, bilimli çagalary almaly, olary çäreden-çärä kowmagy bes etmeli, şonda olar okamaga, öwrenmäge has kän wagt tapar we güýçli lukmanlar köpeler” diýip, bir söhbetdeşimiz aýtdy.
Onuň pikiriçe, lukmanlara adamyň jany ynanylýar. “Studentleri çäreden-çäre alyp gitseler, olar haçan okamaly? Hassahanadaky parahorluk hem bilimsiz, öz işini gowy bilmeýän adamlar sebäpli saklanýar” diýip, ýaşaýjy aýtdy.
Ýerli habarçymyzyň maglumatyna görä, Lebap welaýatyndaky onkologiýa hassahanasynyň gurluşygy 2021-nji başlanyp, 2022-nji ýylda ulanmaga berilmelidi. Sebitiň häzirki onkologiýa hassahanasy 1960-njy ýyllarda gurlan köne binada ýerleşýär.
Azatlygyň habarçylary ýaşaýjylardan ýurtda onkologiýa näsaglarynyň köpelmeginiň sebäbi baradaky pikirlerini hem soradylar. Azatlygyň söhbetdeşleriniň köpüsi bu keseli adamlaryň içýän suwlarynyň, iýýän zatlarynyň hiliniň ýaramazlaşmagy bilen baglanyşdyrýar.
“Paýtagtdaky ýaşaýyş şaýlarynyň grantlaryndan gelýän suwy käte gaýnadyp hem içip bolmaýar, agyr, nebitiň ysy ýaly ys gelýär” diýip, aşgabatly ýaşaýjy Azatlyga aýtdy.
“Soňky ýyllarda öndürilýän miwe, bakja önümleri esasan dürli himiki dökünleriň, dermanlaryň güýji bilen ýetişdirilýär. Eger-de ulanylýan dermanlar ulanylmasa, miwe, bakja ekinlerinden gerek hasyly çalt alyp bolmaýar. Ekinleri goramak üçin hem derman ulanmaly. Köp adam bilýär, soňky döwürde iýilýän gök, bakja önümleriniň ýetişmegi üçin aşa köp derman ulanylýar” diýip, bir ýaşaýjy aýtdy.
Türkmenistanda ýerler esasan pagtaçylyk üçin ulanylýar we sowet döwründe ozal kän himiki dökün sepilen ýerlerde ekilen gök, bakja ekinleriniň, şol sanda gawun-garpyzyň hiliniň, tagamynyň ýyl-ýyldan ýaramazlaşýandygy barada gürrüň edilýärdi. Synçylaryň käbiri ekilýän ekinleriň tohumlarynyň hem “neşekeş” bolandygyny, dermana, azoda we beýleki himiki dökünlere garaşly bolandygyny öňe sürýär.
Bu pikir bilen Azatlygyň beýleki söhbetdeşleri hem ylalaşýar.
“Hatda indi käşir üçin hem azot, beýleki dermanlar ulanylýar. Bakja önümlerinde barha kän ulanylýan dermanlar soň adam bedeninde her hili derde, kesele sebäp bolýar” diýip, bir ýaşaýjy indi özüniň iýýän zatlaryndan “gaty gorkmaly bolandygyny” gürrüň berdi.
"Ozallar käşiri arzan wagty bolrak alyp, ýere gömüp saklardyk. Palaw bişirjek wagtymyz gazyp alardyk. Kän durýardy. Indi käşir alsak, kän durman, suw bolup akyp ýatyr" diýip, aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.
Azatlygyň söhbetdeşleriniň birnäçesi aýal-gyzlaryň arasyndaky näsaglygyň, rak ýa-da düwnük keselçiliginiň derejesiniň has ýokarlanandygyny öňe sürdi.Olaryň aýtmaklaryna görä, aýal-gyzlaryň her onusyndan üçüsiniň ol ýa-da beýleki saglyk meselesi bar. “Häkimiýetleriň tomus aýlarynda aýal-gyzlaryň saglyk ýagdaýlaryny barlamagy hem rak keseli bilen keselleýänleriň köpelmegi bilen düşündirilýär” diýip, ýaşaýjy aýtdy. Ýurtdaky agyr işsizlik, daşary ýurtlara gidýän erkekleriň köpelmegi, adamsy zähmet migrasiýasyna giden aýallaryň uzak wagtlap jynsy gatnaşykda bolup bilmezligi hem saglygyň peýdasyna däl diýip, söhbetdeşimiz aýtdy. Şeýle-de, ýurtda gurlan himiýa zawodlarynyň ilatly ýerleriň golaýynda ýerleşýändigi, olaryň adamlaryň dem aljak howasyny, içjek suwuny zaýalaýandygy öňe sürülýär.
Emma Azatlygyň näsaglaryň köpelendigi barada aýdylýanlary ýerinde barlamak, resmi düşündiriş almak mümkinçiligi ýok.
Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistan sebitde nebit-gaza baý, energiýa eksportyndan ýylda milliardlarça dollar girdeji alýan, ilatynyň jan başyna iň kän tussag düşýän, şol bir wagtda dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri diýlip bilinýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.