Saglyk howpsuzlygy boýunça täze global hasabata görä, Türkmenistanyň epidemiýalara taýýarlygy pes

Saglyk howpsuzlygy boýunça täze global hasabata görä, Türkmenistanyň epidemiýalara taýýarlygy pes

Saglyk howpsuzlygy boýunça dünýädäki ilkinji giňişleýin global hasabata görä, Türkmenistanyň ýokanç kesellere we giň ýaýran epidemiýalara garşy göreş mümkinçilikleri çäkli bolmagynda galýar.Bu barada Ýadro wehimleri inisiatiwasy (Nuclear Threat Initiative - NTI) bilen Saglyk howpsuzlygy boýunça Jons Hopkins merkeziniň “The Economist Maglumat Bölüminiň” (The Economist Intelligence Unit) geçiren barlaglary esasynda taýýarlan Global saglyk howpsuzlygy hasabatynda aýdylýar. 195 ýurduň saglyk howpsuzlygyna degişli mümkinçiliklerine syn berýän hasbatda Türkmenistan bu ugurda 135-nji orunda ýerleşdirildi.

Hasabatda her ýurduň saglyk howpsuzlygyna degişli mümkinçilikleri Öňüni alyş, Anyklaýyş, Çäre görmek ýaly ugurlary öz içine alýan umumy alty toparda seljerilýär.Hasabata görä, Türkmenistanyň keselleriň öňüni alyş mümkinçilikleri 195 ýurduň arasynda 99-njy orunda ýerleşdirilýär.

Bellemeli ýeri, Türkmenistan keselleriň öňüni almaga degişli immunizasiýa çäreleri boýunça 1-nji orunda ýerleşdirilipdir.Döwlet metbugatynyň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda Türkmenistanda “2003-2020-nji ýyla çenli döwür üçin immuno-öňüni alyş milli Maksatnamasy hereket edýär.

Halkara hasabatyň keselleri anyklaýyşa bagyşlanan bölüminde aýdylmagyna görä, Türkmenistanyň Anyklaýyşa degişli infrastrukturasyna, has takygy barlaghana ulgamlaryna ýokary baha berilýär.Dünýä ýurtlarynyň ählisiniň anyklaýyşa degişli barlaghana mümkinçiliklerine 100-den 54.4 bal berilýän bolsa, bu ugurda Türkmenistana 100-den 75-lik baha berilýär. Ýöne olarda geçirilýän barlaglar boýunça Türkmenistana 0 baha berilýär. Ýagny sanlardan çykarylýan netijelere laýyklykda, Türkmenistanda döwlet metbugatynyň dili bilen aýdylanda, dünýä ülňelerine laýyk gelýän Anyklaýyş merkezleri bar, ýöne olarda keseli anyklamakda we keselleriň ýaýramagyna gözegçilik etmekde, hasabata görä, bitirilýän iş ýok.

Beýleki tarapdan, Türkmenistanyň saglyk resmileri döwlet eýeçiligindäki media serişdelerinde edýän çykyşlarynda ýurduň saglyk ulgamynyň pajarlap ösýändigini gaýtalaýar, paýtagt Aşgabatda bina edilen täze saglyk merkezleri, Anyklaýyş merkezleri we saglyk pudagyna degişli täze binalar, olarda ornaşdyrylan täze enjamlar yzygiderli döwlet telewideniýesinde görkezilýär. Ýöne beýleki tarapdan, Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan ençeme türkmenistanlynyň sözlerine görä, mümkinçiligi bolan türkmen raýatlary öz saglygyny bejertmek üçin Hindistan, Türkiýe ýaly daşary ýurtlaryň keselhanalaryna gidýärler.

Türkmenistanda giň ýaýraýan epidemiýalar barada resmi derejede maglumat berilmeýär.Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary oktýabryň ortalarynda ýurt boýunça, hususan-da Daşoguz, Lebap we Ahal welaýatlarynyň ýaşaýjylarynyň arasynda sarygetirme keseliniň giň ýaýraýandygyny habar berdiler.

Azatlyk Radiosynyň Daşoguz welaýatyndaky habarçysy bilen gürrüňdeş bolan saglyk pudagynyň bir işgäri atlandyrylmazlyk şertinde beren maglumatynda soňky ýaýran epidemiýa barada resmi derejede çykyş etmegiň özlerine gadagan edilendigini aýtdy.Galyberse-de, soňky çap edilen Global saglyk howpsuzlygy hasabatynda Türkmenistanda öý haýwanlaryna degişli sanjymlar boýunça giňişleýin maglumatyň elýetersizdigi aýdylýar. “Dowarlaryň arasynda döreýän agsyl keseliniň waksinalary boýunça resmi sanlar Haýwan saglygynyň Bütindünýä guramasynyň bazalary arkaly jemgyýetçilige elýeterlimi?” diýen soragyň jogaby boýunça Türkmenistana baha berlipdir.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary soňky wagtlarda Türkmenistanyň dürli regionlarynda iri şahly mallaryň arasynda döreýän epidemiýalar we olara degişli waksina ýetmezçiligi barada habar berip gelýärler.Oktýabr aýynda Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary Mary welaýatynyň obalarynda iri şahly mallaryň näbelli keselden köpçülikleýin gyrylýandygyny barada, ondan biraz ozal Lebap welaýatynda haýwanlaryň arasynda döreýän keseller we olara degişli waksina ýetmezçiligi barada habar berdiler.

Tomus aýlarynda Azatlygyň habarçylary Ahal welaýatynyň obalarynda-da iri şahly mallaryň arasynda-de ýokanç kesellerň peýda bolandygyny habar berdiler.Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz.

Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda saglyk işgärleriniň güni bellenýär, lukmanlar özleriniň ünsden düşürilýändigini’ aýdýar
Dünýäniň iň gymmat şäherleri
Türkmenistanyň edaralarynda işgärlerden ähli ýerde maska ​​dakynmak barada dilhat alynýar
Türkmenistan demokratiýa boýunça iň ýaramaz ýagdaýdaky ýurtlaryň arasynda galýar
Iň gowy şäherler sanawy düzüldi
Ýaşamaga iň oňaýly 10 şäher