/* custom css */ .td_uid_19_60b96f4dc18b0_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_19_60b96f4dc18b0_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; } Türkmenistandaky iň iri gurluşyk we hojalyk harytlarynyň söwda merkezler toplumy 575555 / 575757 / 575705 Il saglygy ýurt baýlygy diýen şygardan ugur alnyp, häzirki döwürde ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek we onuň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça çäreler yzygiderli amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen Saglyk Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşiniň we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021-2025-nji ýyllar üçin meýilnamasynyň tassyklanmagynyň yzysüre Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň tassyklanmagy ilatymyzyň saglygy barada edilýän aladalaryň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzda maşgalalaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek barada hem yzygiderli aladalar edilýär. Ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde, ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde, olaryň ýaramaz endiklerden daşda bolmaklaryny gazanmakda alnyp barylýan işler oňyn netijelerini hem berýär.
Häzirki döwürde sagdyn durmuş ýörelgeleri önümçilik, jemgyýetçilik-syýasy, zähmet çekmekden daşary, işjeň lukmançylyk ýaly ugurlar bilen birlikde, adamyň zähmet işjeňligi, durmuş, aň-paýhas, hereket işjeňligi, gepleşik we durmuş özara gatnaşyklary, endikler, gün tertibi, ýaşaýyş sazlaşygy, işiň görnüşi, dynç alyş ýaly ugurlary-da öz içine alýar.
Köpçülikleýin bedenterbiýäni we sagdyn durmuş ýörelgelerini yzygiderli wagyz etmek, ýaşlary sport bilen meşgullanmaga giňden ugrukdyrmak, beden we ruhy taýdan kämil nesli kemala getirmek babatda alnyp barylýan uly möçberli işler döwlet tarapyndan maksatnamalaýyn esasda durmuşa geçirilýär.
Fiziki taýdan işjeňlik sagdyn durmuş ýörelgeleriniň esasy ugurlarynyň biridir.Lukmanlar sagdyn, berk bedenli bolmagymyz üçin arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmegiň, kadaly iýmitlenmegiň, ýeterlik ukyny almagyň, sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmagyň zerurdygyny yzygiderli nygtaýarlar. Şeýle hem iýmitimizde witaminlere baý bolan gök önümleriň agdyklyk etmeginiň hökmanydygyny düşündirýärler. Ýurdumyzda ilata halkara ölçegleriň derejesindäki döwrebap lukmançylyk hyzmatlarynyň giň görnüşleriniň elýeterliligini üpjün edýän saglygy goraýyş ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy bilen bir hatarda, bedenterbiýe we sport adamlaryň ýaşaýşynyň hiline we ömürleriniň uzak bolmaklaryna oňyn täsir edýär. Ýurdumyzda şypahana işini ösdürmek ylmy esasda alnyp barylýar.
Bu ugurda degişli ylmy-barlaglar bejeriş işini ýerli toprak-howa şertlerine laýyklykda guramaga mümkinçilik berýär.Alymlaryň geçiren ylmy barlaglary arassa dag howasynyň, güneşli howada gezelenç etmegiň adamyň saglygyna we ruhy ýagdaýyna oňyn täsir edýändigini tassyklady.
Sagdynlygyň esasy girewi adamyň iýmitine we sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegine bagly bolup durýar.Sagdyn iýmitlenmek adamlaryň saglygyny goramaga, daşky gurşawyň zyýanly täsirine garşy göreşmek ukybyna, ýokary fiziki hem akyl zähmeti boýunça işjeňligine ýardam edýär.
Merdan ALLAGULYÝEW, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.