Saglyk baýlyk

Tomus pasly.Howa yssy.Bu howada derlemek her kimi oňaýsyz ýagdaýa salýar.Derlemek bedende suwuň, duzuň we ýylylygyň deňagramlylygyny üpjün edýän fiziologik hadysa.Bu hadysanyň bedende aşa köp ýüze çykmagyna lukmançylyk dilinde giperhidroz diýilýär.

Giperhidroz genetika, gormon bilen bagly meseleler, daşky gurşaw şertleri arkaly ýüze çykýar.Adam bedeniniň, köplenç, eliň aýasy, aýak, goltuk, boýun we arka ýaly agzalaryndan has köp der bölünip çykýar.

Derlemegiň öňüni alyş çäreleri:

Sowuk suw içmek bedeniň temperaturasyny kadalaşdyrýar we aşa köp derlemegiň öňüni alýar. Ýöne sowuk suwy yssy howada bedeniň temperaturasy ýokary wagty içmeli däl! Ony mümkin boldugyça bedeniň ýagdaýy kadalaşanyndan soňra içiň!

Alkogolly içgileri içmek we çilim çekmek ýaly zyýanly endikler hem bedeniň aşa köp derlemegine sebäp bolýar. Şeýle ýaramaz endiklerden elmydama daşda durmaly!

Kofe we kola ýaly kofeinli içgileri azrak içiň! Kofein we beýleki işjeň maddalar has köp derlemegiňize sebäp bolýar.

Derlemek netijesinde emele gelýän ýaramaz yslardan halas bolmak üçin parfýumeriýa serişdeleri ulanylýar. Ýöne şeýle serişdeleri ulanmazyňyzdan ozal bedeniňiz hökmany suratda gury we arassa bolmaly!

Ýüplükden we pagtadan taýýarlanan egin-eşikler beden üçin has ýakymly bolýar. Ylaýta-da tomusda şeýle eşikleri geýmek maslahat berilýär. Sintetik egin-eşikler bedeniň howa alyş-çalşygyna päsgelçilik döredýär. Şonlukda hem bedenden deriň has köp bölünip çykmagyna sebäp bolýar.

Azyndan her günde bir gezek suwa düşüň! Bu örän möhüm. Bedenden bölünip çykýan der deriniň yslanmagyna we guramagyna sebäp bolýar. Şonuň üçin onuň ýörite serişdeler bilen wagtal-wagtal tämizlenip durulmagy zerur.

Taýýar iýmitlerden saklanyň! Mümkin boldugyça tebigy iýmitleri iýiň!

Stressli hereketlerden gaça duruň, ýeňil sport bilen meşgullanyň!

Kişmiş iýmek hem bedeniň temperaturasyny kadalaşdyrýar.

Derlemegiň öňüni almagyň tebigy usullary:

Aşa köp derlemegiň öňüni almak üçin iň oňat tebigy önümleriň biri alma sirkesi.Alma sirkesi güýçli antioksidant hasaplanýar.Ol zyýanly bakteriýalary ýok etmekde möhüm rol oýnaýar. Ýatmazdan ozal mylaýym suwa düşüň we antibakterial sabyn ýa-da ýörite gel bilen ýuwunyň!

Soňra bedeniňizi guradyp, aşa köp derleýän agzalaryna alma sirkesini çalyň!Irden suwa düşmek hem beden ýylylygyny kadalaşdyrmaga ýardam edýär.

Bir bulgur ýyly suwa bir ýa-da iki çaý çemçesi alma sirkesini we biraz bal garyp, demine goýuň! Bu içgiden her günde bir bulgur içmek maslahat berilýär.

Çaý sodasy hem derlemegi aradan aýyrmaga ýardam edýär. Ol bedendäki artykmaç çyglylygy siňdirýär we ýaramaz yslary aýyrýar. Bir çaý çemçesi çaý sodasyny biraz suw bilen gowy garmaly. Taýýarlan garyndyňyzy pagtanyň kömegi bilen bedeniň aşa köp derleýän ýerlerine çalmaly we takmynan, 15-20 minutdan soňra ýyly suw bilen ýuwmaly. Bu usuly hepdede 2 ýa-da 3 gezek ulanmak ýeterlikdir.

Gara çaý antibakterial aýratynlyklary bilen bedende ýaramaz ysyň döremegine sebäp bolýan bakteriýalara garşy göreşýär. Derlemegiň öňüni almak üçin gara çaýy içip ýa-da pagtanyň kömegi bilen bedeniň derleýän ýerlerine sürtüp bilersiňiz. Bu tebigy we täsirli usuly hepdede bir ýa-da iki gezek ulanmak maslahat berilýär.

Kokosyň ýüzüň tämiz bolmagyna we bedeniň gurplanmagyna köp peýdasy bar. Kokos ýagynyň düzümindäki laur turşusy özüniň güýçli ysy bilen ýaramaz yslary ýok edýär. Kokosyň bakteriýalara garşy göreşijilik ukyby hem bar. Ýyly suwa düşeniňizden soňra bedeniň aşa köp derleýän ýerlerine kokos ýagyny çalyň! Bu melhemi her günde ulanyp bilersiňiz!

Ýene degişli makalalar

Saç goňayny aýyrmak üçin käbir tebigy teklipleri
Dyz agyrysyna tebigy çözgütleri
Saç goňagy we onuň tebigy bejergi usullary
Kömelek keseliniň tebigy bejergi usullary
Şarapowadan soň Gauff
Özüňden öneniň bary özüňki…