Saglyk baş baýlyk

Adam hakyndaky alada Arkadagly Serdarymyzyň döwlet syýasatynda hemişe ileri tutulýan ugurlaryň biri bolmagynda galýar hem-de jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramakda, ilatyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakda, keselleriň öňüni almakda we olary ýok etmekde, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny dünýä derejesinde ösdürmekde uly işler amala aşyrylýar.

Türkmenistany 20222052-nji ýyllarda ösdürmek boýunça Milli maksatnamada döwletimiziň öňe sürýän esasy wezipeleri öz beýanyny tapmak bilen, oňa laýyklykda, giň gerimli işler amala aşyrylýar.

Ýurdumyzy ösdürmekde ýetilen sepgitleriň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny netijeli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda berkarar döwletimiz okgunly öňe barýar, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda, şol sanda saglygy goraýyş ulgamynda hem düýpli öňegidişlikler gazanylýar.

Keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, keseli öz wagtynda ýüze çykarmak we bejermek, ilaty zerur bolan derman we beýleki saglygy goraýyş maksatly serişdeleri bilen doly derejede üpjün etmek, saglygy goraýyş edaralary üçin ýörite bilimli, öz kärine ussat hünärmenleri taýýarlamak arkaly raýatlarymyzyň sagdyn bolmagyny gazanmak we olaryň ömür dowamlylygyny uzaltmak saglygy goraýyş ulgamynyň esasy maksady bolup durýar.

Saglyk Döwlet maksatnamasynda saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýär. 10-njy oktýabrda Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe atly halkara sergini we ylmy maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Her ýyl saglygy goraýyş ulgamynyň gazanan üstünliklerine bagyşlanyp geçirilýän bu foruma gatnaşýan ýurtlaryň sany ýylsaýyn artýar.Forum innowasion tehnologiýalara we giň halkara hyzmatdaşlyga esaslanyp, milli lukmançylygy kämilleşdirmekde täze pikirleri, çemeleşmeleri teklip edýär.

Halkara sergide ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösüş depgini, lukmançylyk ylmynda we senagatynda, ilatyň saglygyny goramakda ýetilen sepgitler, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň bu ulgamdaky işjeň gatnaşyklara barha artýan gyzyklanmalary öz beýanyny tapýar. 22-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bellenilişi ýaly, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleriniň hem-de Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramagynda Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň umumadamzat ähmiýetli mirasy atly halkara ylmy maslahaty geçiriler.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp, 11-nji oktýabrda guralmagy meýilleşdirilýän utgaşykly görnüşdäki foruma ýurdumyzyň hünärmenleri bilen birlikde, daşary ýurtlaryň birnäçesinden alymlaryň, professorlaryň we mugallymlaryň gatnaşmagyna garaşylýar.

Bu maslahatyň halkara ylmy hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, Abu Aly ibn Sinanyň köptaraply mirasyny, bitiren hyzmatlaryny açyp görkezmek babatda ähmiýeti örän uly bolar.

Adam üçin tapylgysyz baýlyk bolan saglygy goramak bu günki gün eli şypaly lukmanlarymyzyň paýyna düşýär. Şoňa görä-de, ilatyň saglygyny has-da gowulandyrmak we abadançylygyny ýokarlandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, raýatlaryň saglygyny goramak babatda giň mümkinçilikleri we şertleri üpjün etmek, kämil hem-de ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek, keselleriň öňüni almak saglygy goraýşyň baş ugry bolup durýar.

Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi bolsa, ilkinji nobatda, saglygynyň goralyşy we berkidilişi, ýurtda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň ýaýbaňlandyrylyşy bilen kesgitlenilýär.

Ýurdumyzyň baky berkararlygy, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy, tutuş adamzadyň abadan durmuşy ugrunda alyp barýan bimöçber işlerinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly

Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik tutumlary hemişe üstünliklere we rowaçlyklara beslensin!

Maýa Durdyýewa,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň iýmit gigiýenasy kafedrasynyň müdiri.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Abu Aly ibn Sina bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi
Aşgabatda halkara ylmy-amaly maslahatyň çäginde ussatlyk sapaklary guraldy
Türkmenistanda halkara ylmy forum geçirildi
Täze kitap neşir edildi
Edebiýatçy alymyň täze kitaby neşir edildi
Türkmenistanda Garaşsyzlyk güni mynasybetli iş kesilenleriň 1 müňden gowragynyň günäsi geçildi, 1,3 müňden gowrak adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi, Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda ýaşaýyş jaýlary açyldy we beýleki habarlar