Pasyllaryň çalyşmagy, howanyň üýtgemegi bilen döräp biläýjek möwsümleýin ýokanç kesellerden goranmak we olaryň öňüni almak üçin keselleriň geçip biläýjek ýollary barada habarly bolmak zerurdyr.
Möwsümleýin ýokançlaryň biri hasaplanýan ýiti respirator keseli sagdyn adama näsag adamdan asgyranda, üsgürende we gepleşende howa-damja ýollary bilen geçýär.
Kesel umumy ysgynsyzlyk, gyzgynyň ýokarlanmagy, kellagyry, bokurdagyň nemli bardalarynyň gyzarmagy, gijemegi hem-de burnuň dykylmagy ýaly alamatlar bilen ýüze çykýar.
Keseli bejermek üçin dürli antibakterial dermanlary özbaşdak kabul etmek näsagyň ýagdaýynyň beterleşmegine, bedeniň immun ulgamynyň peselmegine, şeýle-de bedende witamin ýetmezçiliginiň ýüze çykmagyna getirip biler.
Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin В toparyna hem-de D, C witaminlere baý bolan önümleri iýmek örän peýdalydyr.
Güýz paslynda kesel dörediji wiruslaryň işjeňliginiň artmagy netijesinde, keseliň ýokuşmak derejesi ýokarlanýar. Beýle ýagdaýda ýokanç kesellerden goranmak üçin sarymsak iýmek örän peýdalydyr. Onuň düzümindäki fitonsidleriň täsiri kesellemek howpuny peseldýär. Arassaçylyk düzgünlerini doly we dogry berjaý etmek hem örän möhümdir.
Otagda üzärlik tütetmek wiruslara garşy göreşmegiň bir görnüşidir. Dermanlyk ösümlikler ýa-da sogan, sarymsak atylan gyzgyn bugdan dem almak peýdalydyr.
Asgyranyňyzda, üsgüreniňizde agzyňyzy, burnuňyzy elýaglyk bilen ýapyň, eliňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň!
Sagdyn iýmitlenmek, işjeň hereketde bolmak, zähmet bilen dynç alşy kadaly utgaşdyrmak, stres ýagdaýlaryndan gaça durmak arkaly immun ulgamyny berkitmek, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, sport bilen meşgullanmak bularyň ählisi dürli kesellerden goranmagyň iň netijeli we wajyp usullarydyr.
Ýurdumyzda ýola goýlan keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny maşgala lukmanyňyz bilen maslahatlaşyp alyň!
Ýokanç däl keselleriň düzümine girýän howply täze döremeleriň ýurdumyzda ýola goýlan irki anyklaýyş barlaglaryndan öz wagtynda geçiň!
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.