Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda Saglygyň gadyryny bilgin hassa bolmazdan burun atly söhbetdeşlik geçirildi.
Gözel Diýarymyzda adamlaryň jan saglygyny gorap saklamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.Saglygy goraýyş ulgamyndaky ösüşiň täze belentlikleri bolsa Milli Liderimiziň beýik başlangyçlary esasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen amala aşyrylýan giň gerimli işleriň ajaýyp miwesidir.
Täsin tebigatly, dermanlyk ösümliklere baý mekanymyzda halk lukmançylygynda peýdalanylýan ösümlikleri hemmetaraplaýyn öwrenmäge uly mümkinçilikler döredilýär.Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserleri bolsa, tebigatyň täsin ösümlik dünýäsini öwrenmekde esasy çeşme bolup hyzmat edýär.
Kitapda her bir dermanlyk ösümligiň häsiýeti, ýaşaýyş aýratynlygy, ýaýrawy, tebigy gory, dermanlyk çig maly, himiki düzümi, peýdalanylyşy, ulanylyşy we ondan derman taýýarlanylyşy baradaky maglumatlar giňişleýin berilýär.
Söhbetdeşlige gatnaşanlar zähmet çekýän ugurlary boýunça bu kitabyň ähmiýeti dogrusynda, Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň baýlygy hasaplanýan il saglygy babatdaky taýsyz tagallalary, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde, halk tebipçiliginde kitabyň örän uly ähmiýetlidigi hakynda çykyş etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda halkyny bagtly geljege alyp barýan, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.