Saglygymyzy goralyň!

Her paslyň öz aýratynlygy, täsinligi bolýar. Güýz paslynda howanyň sowamagy, ýagynlylygy, çyglylygy, yzgarlylygy hem-de üýtgemegi bilen möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleri dörediji wiruslaryň köpelmegine şert döreýär. Şonuň üçin hem her bir adam kesellerden goranyp, sagdyn ýaşap ilatyň arassaçylyk medeniýetiniň ýokarlanmagyna, dürli ýokanç keselleriň, ýaramaz endikleriň öňüni almaga işjeň gatnaşmalydyr.

Iýmit önümleri her bir adamyň bedeniniň kuwwatly bolmagyny üpjün edip, kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrýar we dürli keselleriň, şol sanda möwsümleýin keselleriň hem ýüze çykmagynyň öňüni alýar.Adamlar gündelik iýmitlerinde miweleri, ir-iýmişleri, gök-bakja we süýt önümlerini köp mukdarda ulanmalydyr.

Witaminlere, minerallara, mikroelementlere baý miweleri, gök önümleri iýmeli.Milli tagam bolan gyzyl burç atylan unaşyň hem saglykda ähmiýetli orun tutýandygy mälimdir.Gyzyl burç unaşa üýtgeşik tagam berip, ony unaşa islegiňize görä goşmaly we ýany bilen süzme äberilse, has tagamly we peýdaly bolar. Ýiti tagamy we ysy bolan sarymsagyň düzüminde ýokanç keselleri döredijileri gyryjy maddalar saklanýar.

Saglygy berkitmekde bu ösümlikden peýdalanmak gadym wagtlardan bäri dowam edip gelýär. Şeýle hem, limon, bal garylan gök çaý, ýyly mineral suwy, ter we kakadylan miweleriň gaýnatmalary, gök önümleriň, miweleriň we ir-iýmişleriň täze sykylan şireleri, Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän derman otlardan taýýarlanan melhem çaýlary, dermanlyk ösümliklerden narpyzyň, ýandagyň, çopantelpegiň, buýan köküniň, injir ýapragynyň demlemesi peýdaly içgiler hökmünde maslahat berilýär.

Nädogry naharlanmak, ýagny köp iýmek ýa-da lukmana sala salman horlanmak üçin aç gezmek, has gyzgyn ýa-da gaty sowuk zatlary iýip-içmek bedende madda çalşygynyň üýtgemegine, umumy ýagdaýyň ýaramazlaşmagyna getirýär. Ýaşy ulurak adamlara ýagsyz sygyr eti, ýumurtga, nohut, noýba, kädi, süýt önümleri ýaramly. Gündelik iýmite ter gök otlar, kelem, käşir, şugundyr, kädi ýaly gök-bakja önümleri goşmaly.

Güýzüň howasy adama üýtgeşik täsir edip, bu wagt tebigatda gezelenç etmäge mümkinçilik döreýär. Arassa howada gezmek adam bedenindäki maddalaryň alyş-çalşygyna, endamynyň hereketine täsir edýär. Şonuň üçin pasla görä geýinmeli, daş çykmazdan öň burun boşlugyna oksolin melhemini çalmaly. Aýaklar mydama ýyly saklanmaly.

Ýaşaýyş we iş otaglaryny arassa saklamaly, ýygy-ýygydan çygly arassalaýyş tämizligini ýörite niýetlenen zyýansyzlandyryş serişdelerini rejeli we ýerlikli ulanyp geçirmeli, otaglaryň howasyny çalşyp durmaly. Bedeniň kesellere garşy göreşmek ukybyny berkitmek üçin aram gyzgyn we sowuk suw gezekleşdirilýän duş, ertirki maşklar, haýal ylgaw, ýöremek, welosipedli gezelenç etmek peýdaly.

Ýokarda agzalan maslahatlary berk berjaý etseňiz, özüňizi möwsümleýin döreýän kesellerden gorap bilersiňiz.

Maýagözel Nurjykowa, Aşgabat şäheriniň 6-njy Saglyk öýüniň baş lukmany.

Ýene degişli makalalar

Türkmen gimnastikaçylary halkara ýaryşda 29 medala eýe boldular
Türkmenistanyň maliýe ulgamynyň globallaşmagy
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
Aşgabat — halkymyzyň ak bagty
Sanly ykdysadyýet — ösüşiň ygtybarly çeşmesi
Türkmen TW-si ýene 'para alan', aglap toba edýän tussaglary görkezdi