SAGLYGYMBAŞ BAÝLYGYM

SAGLYGYMBAŞ BAÝLYGYM

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Beýik Serdar nesilleri çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan dürli ýaşly okyjylaryň gatnaşmagynda Saglygymbaş baýlygym ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler saglygyň gadyryny bilmek, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek babatynda ilatyň arasynda wagyz-nesihat, düşündiriş çäreleriniň yzygiderli geçirilýändigi, ýaş nesliň sagdyn ösüp, kemala gelmegi üçin olaryň, ilkibaşdan, sagdyn iýmitlenmegi, bedenterbiýe bilen meşgullanmagy, zyýanly endiklerden daşda durmagy üçin giň gerimli işleriň durmuşa ornaşdyrylýandygy barada söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkligi bilen birlikde ýurdumyzyň geljeginiň ylymly-bilimli, merdana, watansöýüji, beden taýdan sagdyn nesliň kemala gelmegi üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

BAGTYÝAR NESILLERDE BAGTLY PURSATLAR
TÄSIN TEBIGATYŇ GÖZELLIGI
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ ÖMRÜMIŇ MANYSYNYŇ DOWAMATY ATLY KITABY ESASYNDA
HALK DÖREDIJILIGITERBIÝÄNIŇ GÖZBAŞY
ÇAGALARYŇ TERBIÝESINDE ERTEKILERIŇ ÄHMIÝETI
DAŞARY ÝURT RAÝATLARYNY TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ 300 ÝYLLYGYNA ATLY ÝUBILEÝ MEDALY BILEN SYLAGLAMAK HAKYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY