Ýurdumyzda alnyp barylýan öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatda halk, döwlet ähmiýetli işleriň her birinde adam hakyndaky alada esasy orny eýeleýär. Ýurdumyzda Döwlet adam üçindir!diýen baş ýörelge öňe sürlüp, belent sepgitlere, ägirt uly üstünliklere, döredijilikli zähmete ruhlandyryp, raýatlaryň sagdyn, ruhubelent, abadan durmuşda ýaşamagy üçin ählitaraplaýyn tagalla edilýär.Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Saglyk Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde işler netijeli durmuşa geçirilýär.
Bu döwürde milli saglygy goraýyş ulgamy halkara derejä çykarylyp, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary, ylmy-lukmançylyk merkezleri bilen hyzmatdaşlyk giňeldildi.Türkmenistan saglygy goraýyş ulgamynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, BMG we onuň düzüm edaralary bolan Çagalar gaznasy, Ilat gaznasy, Ösüş maksatnamasy we beýleki abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy amala aşyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda geçirilýän halkara ylmy maslahatlardyr duşuşyklar bu ulgam boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge we hyzmatdaşlaryň sanyny artdyrmaga şert döredýär.Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik işi ýurdumyzyň baý ösümlik dünýäsi hem-de halk lukmançylygynyň gadymy däpleri bilen gyzyklanýan giň okyjylar köpçüligi, ylaýta-da, bu ugurda iş alyp barýan hünärmenler üçin ýakyn gollanmadyr.
Bu düýpli işiň esasynda ylmyň soňky gazananlarynyň we ata-baba dowam edip gelýän halk lukmançylygynyň iň naýbaşy tejribesiniň bilelikde utgaşandygyna kitaby okanyňda has hem anyk göz ýetirýärsiň.Onda Gündogar lukmançylygynyň görnükli alymlarynyň hem-de tebigy dermanhana yzygiderli ýüzlenýän türkmen tebipleriniň nesilden-nesle geçip gelýän kämil tejribesi bar.Gün nuruna baý, topragy keremli, suwy tenekar ýurdumyzda ösýän ösümlikleriň her biri gymmatly dermanlyk häsiýetine eýedir.
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda hem bu barada giňişleýin beýan edilýär.Kitabyň sahypalarynda dermanlyk ösümlikleriň, şol sanda belli bir ýerde duş gelýän, endemik ösümlikleriň melhemlik häsiýetleri, olary ylmy we halk lukmançylygynda ulanmagyň mümkinçilikleri jikme-jik beýan edilýär.
Alym Arkadagymyz olaryň öwrenilmegine ömrüniň köp ýylyny bagyşlady.Bu ylmy-ensiklopediýa türkmen topragynda ösýän, asyrlaryň dowamynda dürli keselleri bejermek üçin netijeli ulanylýan ösümlikleriň melhemlik häsiýetleri baradaky bilimleriň hazynasy bolup durýar.
Onda dermanlyk ösümlikleriň suratlary, beýany, biologik aýratynlyklary, ösýän ýerleri, tebigy gorlary, dermanlyk çig maly, himiki düzümi, taýýarlanyş we ulanylyş usullary yzygiderlilikde getirilýär.Munuň özi islendik okyja düşnükli bolup, her bir maşgala üçin ýakyn gollanma hökmünde peýdalanmaga mümkinçilik döredýär.Saglyk Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, häzirki wagtda Türkmendermansenagat birleşiginiň Saglyk derman kärhanasy ýerli çig mallardan peýdalanmagyň netijesinde 150-ä golaý derman serişdesini öndürýär.
Buýan kökünden täze önüm derman görnüşli gerdejigiň we zenjebilli buýanly şerbetiň önümçiligi hem ýola goýuldy.Ýurdumyzda dünýä derejeli halkara saglyk merkezleriniň hem-de şypahanalaryň ençemesi gurlup ulanylmaga berildi.
Diýarymyzyň gözel künjeklerinde tebigy melhemleri bilen meşhur bolan şypahanalarda adamlar saglygyny dikeldýärler. Ýurdumyzda halkymyzyň saglygy, eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler döredilýär.Hormatly Prezidentimiz 23-nji awgustda dikuçarda paýtagtymyz boýunça uçuşy amala aşyryp, Aşgabadyň durmuş düzümini mundan beýläk-de toplumlaýyn kämilleşdirmegiň taslamalary bilen tanyşdy.
Olaryň arasynda paýtagtymyzda gurulmagy meýilleşdirilýän saglygy goraýyş ulgamyna degişli käbir desgalar, hususan-da, 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkezi, Çoganly ýaşaýyş toplumynyň çäginde 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi we Köşi ýaşaýyş toplumynda Stomatologiýa merkezi hem bar.
Olarda ýokary hilli we dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlary ýerine ýetiriler.Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri rowaç alsyn.
Rejep KARADURDYÝEW,S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň maldarçylyk we weterinariýa ylmy önümçilik merkeziniň bölüm müdiri.