Saglygym Baýlygym

Saglygym Baýlygym

Täze hepdelik tapgyrlaýyn gepeleşigimiziň ilkinji sanynda size bokurdak agyrysy we onuň bejergisi hakynda maglumat bermek isleýäris.

Nähili edilýär: bir käse ýyly suwa ýarym ýa-da bir limon sykmaly. Şonuň bilen günde 3-4 gezek bokurdagymyzy çaýkalamaly.

Sowuklama, dümewleme, gripp we bokurdak ýokanjynda arkaýyn peýdalanmak bolar. Diş eti, damak we bokurdak irinlemesine garşy iňňän peýdaly. Çaýkap bilersiňiz, çaýyny hem içip bolýar. Dem alyş ýollaryny rahatlandyryjy özboluşlygy hem bar.

Ada çaýy hakynda taryhda şeýle bir söz bar: “Eger howlyňa ada çaýyny eken bolsaň, ölmegem gerek däl.”

Bu setirler 13-nji asyrdan galan ada çaýy hakynda aýdylan taryhy sözler. Botaniki ady şalfeý, latynça salwere ýagny goramak, saklamak sözünden gelip çykýar.

Müsürlileriň dogurganlyk üçin ada çaýyndan peýdalanandyklary bilinýän bolsa, gadymy grek we Rim döwürlerinde eti goramak üçin ulanylandygy aýdylýar. Guradylan ada çaýy, ýakylyp, öýleri dizinfeksiýa etmek üçin peýdalanylypdyr.

Gadymy döwürden bäri ada çaýynyň gaýnadylyp içilmeginiň hassalyklaryň öňüni alýandygyna ynanylýar.

Ada çaýynyň orta asyrlarda garahassalyga garşy immuniteti güýçlendirýändigi üçin ulanylandygy bilinýär. “Dört ogry sirkesiniň” düzüminde-de ada çaýynyň bardygy anyklandy.

Dört ogry sirkesi, adyny taryhy wakalardan birinden alýan sirkedir.Asyrlaryň dowamynda derman hökmünde peýdalanylan sirkäniň geň hekaýaty bar.Hekaýata görä 14-nji asyrda Marsiliýa şäherinde başdan geçirilen garahassalyk pandemiýasynda Ýewropada 25 million adamyň gyrylandygy käbir çeşmelerde beýan edilýär. İne şol dört ogry garahassalykdan gyrylan obabardaky öýleri we dükanlary soýýan hem bolsalar, ýokanja sezewar bolmanmyşlar.

Rowaýada görä ogrular bir gün ele düşüpdir we ölüm jezasyna höküm edilipdirler.Emma pandemiýa sezewar bolmandyklaryny aýtsalar günäleriniň geçiljekdigini öwrenenmişler.Olar hem ýokanja sezewar bolmandyklaryny aýdyplar we ýasan sirkeleri bilen ellerini ýuwandyklaryny, şol sirke bilen ağyzlaryny çaýkandyklaryny boýun alypdyrlar.

Ogrularyň günäsi geçilipdir we şol sirkäniň nähili ýasalýandygyny halka öwretmekleri islenipdir. Şol döwürden bäri geçen asyrlaryň dowamynda dört ogry sirkesi ady bilen tanalýan sirke, ençeme hassalygyň bejergisinde peýdalanypdyr. Dört ogry sirkesiniň düzüminde ada çaýy bar. Dümew, gripp we kowid ýokançlarynda, bokurdak agyrylarynda ada çaýy iňňän peýdalydyr we gadymy Anadolyda giňden ulanylýar.

Ýene degişli makalalar

Dümew we gribal ýokançlarda tebigy bejergi usulary
Ýurda aralaşan sowuk howa akymy golaýda ekilen ýazlyk ýeralmalaryna zyýan ýetirdi
Türkmenistanda wirus ýaýraýar, hassalar ys we tagam duýmaýar
Türkmenistan bag ekmek dabarasyny sowdy. Adamlar sowukda ýadadyk diýýär
Dümew we gribal ýokançlarda tebigy bejergi usulary
Russiýada hem koronowirusa, hem grippe garşy sanjym synag edilýär