Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda halkymyzyň abadan, eşretli durmuşda ýaşamagy üçin giň möçberli işler amala aşyrylýar.Häzirki wagtda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, raýatlaryň, aýratyn hem ýaş nesilleriň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerini gazanmak, olary berk bedenli, sagdyn ruhly edip terbiýeläp ýetişdirmek döwlet syýasatynda esasy üns berilýän ugurlaryň biridir.
Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde dünýäde uly abraýdan peýdalanýar.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri sagdyn durmuş ýörelgesini giňden ornaşdyrmagyň we her bir raýatyň bu asylly ýörelgä eýermegini gazanmagyň, türkmen sportunyň abraýyny has-da belende götermegiň zamanasy bolup dabaralanýar.Garaşsyz döwletimizde ynsan saglygyny goramak, adamlaryň ömrüni uzaltmak, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde paýtagtymyz Aşgabatda, welaýat merkezleriniň ählisinde öňdebaryjy innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan iri saglygy goraýyş merkezleri, ýöriteleşdirilen hassahanalar gurlup, ulanylmaga berildi.
Bilşimiz ýaly, raýatlarymyzyň saglygyny dikeltmek we olaryň sazlaşykly dynç alşyny üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanda 2021 2025-nji ýyllarda şypahana ulgamyny ösdürmegiň Milli maksatnamasy tassyklanyldy. Şeýle hem bu maksatnamany ýerine ýetirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasy düzüldi.
Milli maksatnamanyň esasy maksady halkymyzyň şypahana hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak, olaryň saglygyny goramak we keselleriň öňüni almak, saglygyny dikeltmek we berkitmek, iň öňdebaryjy usullary ulanmak arkaly şypahana hyzmatynyň hilini hem-de elýeterliligini ýokarlandyrmak, wagtlaýyn hem-de yzygiderli zähmete ukypsyzlygy, maýyplygy azaltmak, keselleriň öňüni almak, Türkmenistanyň çäginde hereket edýän sagaldyş-dikeldiş görnüşli edaralaryň işini utgaşdyrmak, şypahana işiniň kämil ulgamyny döretmek arkaly, durmuşyň we ýaşaýşyň hilini gowulandyrmak hem-de raýatlaryň ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak bolup durýar.Häzirki wagtda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, sagdyn durmuş endiklerini ornaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan işler halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň kepilidir.
Berk bedenlilik, ruhy taýdan sagdynlyk ynsan ömrüniň dowamlylygyna öz täsirini ýetirýär.Hormatly Prezidentimiziň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirýän işleri raýatlarymyzyň saglygyny berkitmäge, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga we lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini gowulandyrmaga gönükdirilendir.
Saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde hem köp işler alnyp barylýar.Bu ugurda her ýyl geçirilýän halkara sergidir we maslahatlaryň orny uludyr. Ýakyn günlerde Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe atly halkara sergi we ylmy maslahaty geçiriler.Bellenilişi ýaly, bu sergä halkara guramalaryň hem-de daşary ýurtlaryň derman serişdelerini we lukmançylyk maksatly önümleri, lukmançylyk, sport enjamlaryny öndürmäge, bilim tehnologiýalaryny işläp taýýarlamaga ýöriteleşen 30-dan gowrak ýurtdan 150-den gowrak kompaniýanyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Şeýle-de utgaşykly görnüşde geçiriljek ylmy maslahat dünýäniň 20-ä golaý döwletinden daşary ýurtlaryň esasy ýokary okuw mekdepleriniň alymlaryny bir ýere jemlär.Umuman, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň binýady has-da berkidilýär. Ýurdumyzyň ähli sebitinde häzirki zaman kliniki we ylmy-kliniki merkezler bina edildi.
Lukmançylyk we sagaldyş-şypahana ugurly dürli edaralaryň durky täzelendi.Welaýatlarymyzda we paýtagtymyzda saglygy goraýyş-anyklaýyş merkezleri, Ene mähri merkezleri, Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezleri, köpugurly hassahanalar, şypahanalar, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar gurlup ulanmaga berildi.
Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň edara binasynyň, köpugurly hassahananyň, Onkologiýa, Tiz kömek, Çagalar sagaldyş-dikeldiş, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezleriniň, saglyk öýüniň Aşgabat şäherinde Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki hem-de Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň gurluşygy alnyp barylýar.
Bu işleriň ählisi milli saglygy goraýyş ulgamynyň düýpli özgerýändigini, adam we onuň saglygy baradaky aladanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýandygyny görkezýär.Raýatlaryň saglygyny berkitmekde şypahana-dynç alyş düzümlerine, aýratyn-da, balneologiýa, tebigy-howa şypahanalaryna möhüm orun degişlidir.
Olarda mähriban topragymyzyň tebigy täsiri, mineral suwlar, bejeriş ähmiýetli palçyklar arkaly keselleriň öňüni almak we bejermek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.Saglyk Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan şypahana-dynç alyş pudagyny toplumlaýyn ösdürmek ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň hem-de kämilleşdirmegiň esasy ugurlarynyň biridir.
Ahal welaýatyndaky Arçman hem-de Ýyly suw şypahanalary, Balkan welaýatyndaky Mollagara we Awaza şypahanalary, ýurduň demirgazyk künjeginde ýerleşýän Daşoguz şypahanasy, Lebap welaýatyndaky Farap şypahanasy, Mary welaýatyndaky Baýramaly şypahanasy hem-de Aşgabatdaky Berzeňňi şypahanasy bitewi şypahana ulgamyny kemala getirýär.
Häzirki wagtda olar halkymyza hyzmat edýärler.
Ahmetnur Nurmuhammedow,S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.