Saglygy goraýyş pudagynda 50 sany täze milliarder peýda boldy

Saglygy goraýyş pudagynda 50 sany täze milliarder peýda boldy

Pandemiýa başlany bäri dünýäde saglygy goraýyş pudagynda 50 sany täze milliarder peýda boldy diýip, Forbes-e salgylanyp, rbc.ru ýetirýär. Olaryň baýlygy sanjym taýýarlaýan ýa-da lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edýän kompaniýalaryň paýnama bahasynyň ösmegi netijesinde ýokarlandy.

Neşiriň maglumatlaryna görä, pandemiýa döwründe baýan täze milliarderleriň arasynda şular bar:

Ugur Şahin BioNtech nemes biotehnologik kompaniýasynyň baş müdiri.Pfizer amerikan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda ol 95% netije görkezen koronawirusa garşy sanjymy taýýarlady. Ýylyň başyndan bäri kompaniýanyň paýnamalary 160% ýokarlandy. Şonuň netijesinde Şahiniň baýlygy 4,2 milliard dollara ýetdi.

Stefan Bansel Moderna amerikan kompaniýasynyň ýolbaşçysy.Forbes Banseliň baýlygyny 4,1 milliard dollar bilen bahalandyrýar. Ýylyň başyndan bäri Moderna-nyň paýnama bahasy 550%-den gowrak ýokarlandy.Hu Kun Hytaýyň lukmançylyk enjamlaryny öndürýän Contec Medical Systems kompaniýasynyň ýolbaşçysy.

Onuň baýlygy 3,9 milliard dollar bilen bahalandyrylýar.Karl Hansen Kanadanyň AbCellera kompaniýasynyň ýolbaşçysy.Neşiriň hasabyna görä, onuň baýlygy 2,9 milliard dollara barabar.Serjio Stewanato dünýäde ululygy boýunça ikinji orunda durýan aýna çüýşelerini öndüriji italýan kompaniýasy Stevanato Group-yň ýolbaşçysy.

Neşir onuň baýlygyny 1,8 milliard dollar diýip belleýär. 2020-nji ýylyň jemi boýunça dünýäde 2200-den gowrak milliarder 1,9 trillion dollar baýadylar diýip, Forbes habar berýär. Ähli milliarderleriň baýlygy jemi 11,4 trillion dollar bilen bahalandyrylýar.

Ýene degişli makalalar

UEFA Çempionlar Ligasynyň täze formaty şowly başlady (makala)
Balkan welaýat köpugurly hassahanasy durky täzelenip ulanylmaga berildi
Baýramaly şäherinde durky täzelenen we täzeden enjamlaşdyrylan hassahana açyldy
Serdar Berdimuhamedow Daşoguzda iki sany hassahana açdy
Daşoguzda täze açylan hassahanalara halkara güwänamalar gowşuryldy
Daşoguzda açylan köpugurly we onkologiýa hassahanalary halkara güwanamalaryna mynasyp boldy