Saglygy goraýyş ministri gazak, katarly we azerbaýjanly kärdeşleri bilen duşuşdy

Saglygy goraýyş ministri gazak, katarly we azerbaýjanly kärdeşleri bilen duşuşdy

Türkiyäniň saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja sosial media hasabyndan beren beýanatynda, 77-nji Bütindünýä Saglygy goraýyş assambleýasyna gatnaşmak maksady bilen giden Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde Gazagystanyň saglygy goraýyş ministri Akmaral Alnazarowa, Kataryň halk saglygy goraýyş ministri Hanan Mohammed al Kuwari we Azerbaýjanyň saglygy goraýyş ministri Teýmur Musaýew bilen duşuşyk geçirendigini habar berdi.

Beýanata görä Fahrettin Koja geçiren duşuşyklarynda derman we lukmançylyk enjamlarynyň üpjünçiligi, saglygy goraýyş bilen bagly maýa goýumlar we hyzmat beriş, saglygy goraýyş maglumatlar ulgamy we saglygy goraýyş işgärlerine bilim bermek ugrunda ikitaraplaýyn bähbit esasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýardyklaryny habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Ukrainanyň Prezidenti Türkiyä sapar gurar
Erdogan Abbas bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Fahrettin Altun: "Netanýahunyň esassyz aýyplamalary netijesiz galar" diýdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Fahrettin Altun YHG-na agza ýurtlaryň resmileri bilen ikiçäk duşuşyklar geçirdi