Saglygy goraýyş boýunça XI Türkmen-german forumy geçirilýär

Saglygy goraýyş boýunça XI Türkmen-german forumy geçirilýär

Şu gün sanly ulgam arkaly geçirilýän saglygy goraýyş boýunça XI Türkmen-german forumy öz işine başlady. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, bu forum Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan guraldy. Ol iki günläp dowam eder.

Foruma Germaniýanyň meşhur klinikalarynyň alymlary we lukmanlary, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlary, Aşgabatdaky we ýurduň welaýatlaryndaky saglygy goraýyş edaralarynyň, ylmy-kliniki merkezleriň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri gatnaşýarlar. Forumda saglygy goraýyş ulgamynda möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşylyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça pikir alşylýar.

Hususan-da, dürli keselleriň öňüni almak, olary irki möhletlerde anyklamak we bejermek, gyssagly kömek, onkologiýa, trawmatologiýa, ortopediýa ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça wezipeler ara alnyp maslahatlaşylýar.

Ýene degişli makalalar

XI Türkmen-german lukmançylyk forumy öz işine başlady
Türkmen-german iş toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklandy
Germaniýada türkmen-german ykdysady forumy geçiriler
Türkmen-german hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ýolunda
Aşgabatda geçirilýän halkara lukmançylyk forumy öz işine başlady
Türkmenistanda halkara lukmançylyk forumy geçirildi