Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe atly halkara sergi geçiriler

TÜRKMENISTANYŇ SAGLYGY GORAÝYŞ WE DERMAN SENAGATY, BILIM MINISTRLIKLERI, BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI TÜRKMENISTANYŇ SÖWDA-SENAGAT EDARASY BILEN BILELIKDE ŞU ÝYLYŇ 9 — 12-nji OKTÝABRYNDA SAGLYGY GORAÝYŞ, BILIM WE SPORT BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ GALKYNYŞY DÖWRÜNDE ATLY HALKARA SERGINI GEÇIRÝÄR

Guraýjy topar Türkmenistanyň dahylly ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň bilermenlerini hem-de hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini sergä çagyrýar.

Serginiň iş wagty:

9-njy oktýabrda sagat 13:30-dan 18:00-a çenli;

10-njy oktýabrda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli;

11-nji oktýabrda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli;

12-nji oktýabrda sagat 10:00-dan 14:30-a çenli.

Sergi Aşgabat şäher häkimliginiň Olimpiýa şäherçesiniň Dolandyryş müdirliginiň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynyň çäginde geçirilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheri, Olimpiýa şäherçesiniň 9-njy jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon: 46-18-66.

Faks: 48-23-40.

Ýene degişli makalalar

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW “EKSPO — 2025” SERGISINDE TÜRKMENISTANYŇ MILLI GÜNI MYNASYBETLI DABARALY ÇÄRELERE GATNAŞDY
Kakalarynyň gyzlary, ýa-da Merkezi Aziýada prezident gyzlarynyň öňe çykmagy
Mekdepler okuwçylardan pul ýygnap, ene-atalardan bu barada maglumat ýaýratmazlygy soraýar
Balkanda ulaglar gymmatlaýar, söwdagärler häkimiýetleriň gysyşynyň güýçlenendigini aýdýarlar
“Ene mähri” adyna dalaş edýän eneler “üç arka” barlagyndan geçirilýär
Türkmenlerde 'territorial bitewilik' we 'ruhy birlik' ýörelgeleriniň geçen sepgitleri
Aşgabatda internet durnuksyz, Balkanda birnäçe gün VPN-siz işledi