Eger her gün bir alma iýilse, lukmana az ýüz tutsa bolar. Bu barada berhiz lukmany Maýkl Mosli gürrüň berdi diýip, Daily Mirror neşirine salgylanýan Rambler.ru ýazýar.
Lukman almany saglygy berkitmekde ählitaraplaýyn peýdaly miwe diýip atlandyrdy.Ol almanyň aşgazanyň işine oňyn täsir edýändigini, bedeni witaminler we peýdaly maddalar bilen üpjün edýändigini, holesteriniň derejesini gözegçilikde saklamaga ýardam berýändigini, şeýle hem süýji keseliň döremegine garşy täsirlidigini nygtady.
Alma şeýle hem sowuklama garşy göreşýän azot oksidiniň işlenip çykarylmagyna ýardam edýär, gan basyşyny kadalaşdyrýar, bedende peýdaly bakteriýalar üçin amatly gurşwy döredýär.
Mosli şonuň üçin her gün nahardan öň ýa-da soňra bir alma iýmegi maslahat berdi, ol şeýle endigiň seýrek kesellemäge, özüňi oňat duýmaga hem-de uzak ýaşamaga kömek etjekdigine ynanýar.