Saglyga zyýanly gündelik ýol berilýän 7 ýalňyşlyk

Saglyga zyýanly gündelik ýol berilýän 7 ýalňyşlyk

Milliardlarça adam gündelik durmuşynda saglyga ýaramaz täsir edýän ýalňyşlyklary goýberýär. menslife.com web sahypasy hünärmenleriň göräýmäge zyýansyz ýaly görünýän, ýöne öňüniň alynmagy hökmany bolan iň köp ýaýran endikler hakyndaky maslahatlaryny çap etdi.

1. Lukmanlar irden deň wagt aralygynda gaýtalanýan jaň sagadynyň sesine turmazlygy maslahat berýärler. Sebäbi şeýle bolanda, adamyň ukusy birnäçe gezek kesilýär. Bu bolsa nerw ulgamynda näsazlyklaryň ýüze çykmagyna sebäp bolup bilýär.

2. Oýanandan soň derrew tutulary syryşdyryp, otaga mümkin boldugyça köpräk Gün şöhlesini goýbermek hökmandyr. Şeýle usul gyşda, ýagtylygyň ýetmezçiligi depressiýa, agramyň artmagyna we beýleki saglyk meseleleriniň ýüze çykmagyna sebäp bolanda has peýdalydyr.

3. Gyş aýlarynda Gün şöhlesinden goraýan krem ulanmak hem hökmandyr. Aslynda, ony bütin ýylyň dowamynda ulanmaly. Sebäbi ultramelewşe şöhlesi hatda güýz-gyş möwsüminde-de awtoulagyň we jaýlaryň penjirelerinden aňsatlyk bilen geçip, deriniň içine aralaşýar. Şonda deri goragsyz bolsa, diňe bir çalt garraman, eýsem, düwnük keseliniň döremek howpy hem bar.

4. Awtoulagy penjirelerini açyp sürýän şäher ilaty belli bir derejede öz saglygyna uly howp salýar. Megapolisiň hapalanan howasyndan yzygiderli dem alýanlar, köplenç, onkologiýa, ýürek-damar we beýleki howply keseller bilen kesellegiç bolýarlar.

5. Dişleriňizi arassalamak üçin gaty çotga ulanmak we diş arassalanýan wagty çotgany çalt-çaltdan hereketlendirmek maslahat berilmeýär. Bularyň hemmesi kariesiň ösmegine sebäp bolup, dişiň syrçasyna zeper ýetirýär. Mundan başga-da, agyzda kislota balansyny saklamak möhümdir: nahardan soň dişiňizi diňe 30 minut geçenden soň ýuwmaly.

6. Ýokumy nola deň bolan berhiz içgilerini gündelik iýmitiňizden düýbünden ýok etmeli - olar hem emeli süýjedijili içgiler ýaly bedene zyýan ýetirýär. Suwsuzlygyňyzy gandyrmak üçin hünärmenler ýeke-täk sagdyn alternatiwa hökmünde täze miwe suwlaryny ýa-da arassa suw içmegi maslahat berýärler.

7. Adamlarda agşamky sport uka päsgel berýär diýen ynanç bar. Bu nädogrudyr. Aslynda, lukmanlar günüň islendik wagtynda maşk etmegi maslahat berýärler: munuň özi bedeni ep-esli rahatlandyrýar we ukynyň has gowy alynmagyna ýardam edýär.

Ýene degişli makalalar

Maryda awtoulag şaýlaryny satýan hususy dükanlar köpçülikleýin ýapyldy
Marynyň polisiýasy guratlyk barlagyndan geçmedik ulaglary awlaýar’
Maryda ýagan ýagyş ýol polisiýasynyň 'elini giňetdi'
Polis 'yrsgaly' para çözgüdine uýýan ýaşlary köpeldýär
Lebapda dizel ýangyjy diňe gündiz satylýar, gije ýük ulaglarynyň nobaty döreýär
Ulaglary ada geçirmek, guratlyk barlagy gymmatlady, sebäbi düşündirilmedi
Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy sargyt esasynda ýolagçy gatnatmak hyzmatyny ýerine ýetirýär