Saglyga peýdaly miwe

Biziň planetamyzda ösümlikleriň müňlerçesi ösüp ýetişýär.Olaryň köpüsi bejeriş häsiýetine eýedir. Şu maksat bilen olar dermanlyk ösümlikleri diýlip atlandyrylýar.Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri atly köp jiltli ylmy ensiklopedik kitabyna şol ösümlikleriň ençemesi girizildi.Ýurdumyzyň gözel tebigatynda bitýän ösümlikleriň biri-de hoz agajydyr.

Hozlar maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 20-25 metre ýetip bir ýa-da köp sütüni emele getirýär.Köp ýaşaýan hoz agajynyň sütünleri garamtyl-çal reňkli, örän owadan bolýar.Hozuň miweleri togalak ýa-da süýnmegräk görnüşli bolup, daşy gara-ýaşyl reňkli, derjimek galyň etlek gabyk bilen örtülen, uly şänigi bar.

Adatça az-kem tüýjagazlar bilen örtülen, miweýanly.Hozuň içki bölegi 2-5 sany doly däl perdeler arkaly bölünendir.Agaçlaşan gabygynyň içinde goşa maňyz ýerleşýär.Miweýany doly ýetişende gabygy jaýrylýar we endokarpdan ýa-da şänijekden bölünip aýrylýar.

Onuň içinde dört perliganata meňzeş tohum maňyz ýerleşip, ýüzi ýukajyk derijik bilen örtülendir.Hoz agajy 10-12-nji ýylda miwe berýär.Gadymy dermanlyk ösümlikleriň sanawyna girýän hoz baradaky ýazgylara Gippokratyň, Dioskoridiň, Siseronyň, Pliniý ulynyň, Wergiliniň we beýleki gadymy grek hem rim alymlarynyň eserlerinde duşmak bolýar.

Kiriň patyşalyk eden döwründe Eýranyň paýtagtynda ilkinji miweçilik mekdebiniň düýbi tutulýar, şonda hoz görnükli ýeri eýeläpdir.Hoz agajy Juglans regia, hozlar maşgalasyna degişli bolup, belent boýly gür şahalanan agaçdyr.

Bu daragta grek hozy ýa-da adaty hoz hem diýilýär.Grek hozy diýilmeginiň sebäbi, ol Russiýa Gresiýadan getirilipdir. Ýewropa ýurtlarynda bolsa pars hozy ýa-da iňlis hozy diýlipdir.

Daragtyň ylmy adyna Juglans regia diýilýär.Daragt aprel-maý aýlarynda gülläp, sentýabr-oktýabr aýlarynda bişýär.Hasyllylygy bolsa, takmynan 30-50 ýylyň dowamynda 65-100 kilograma ýetýär.Türkmenistanyň tebigy şertlerinde hoz agajy Garrygala, Bäherden etraplarynyň çäklerindäki daglaryň derelerinde, Köýtendagyň çäklerindäki jülgelerde, çeşmeleriň, ýaplaryň boýunda bitýär.

Biziň ýurdumyzda hoz medeni ýagdaýda ösdürilýär.Soňky maglumatlara görä, (1999 ý.) Günorta-günbatar Köýtendagdaky hoz agaçlarynyň 800-850 düýbi ösýär.Ol Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi (1985-1999 ý).

Köpetdag we Sünt-Hasardag goraghanalaryndaky hozuň maňzy örän gymmatly önüm bolup, onuň düzüminde 75%-e çenli ýag, 20% töweregi beloklar, 7-16% uglewodlar, 30-50 mg% C, 0,3 mg% B1 witamini, karotin we beýleki E, P witaminleri bar.

Maňzy kulinariýada, konditer önümçiliginde we başga ýerlerde peýdalanylýar.Hozuň ýagy azyk önümlerinde, lak, tipografiýa syýasy, tuş taýýarlamakda, gurluşyk işlerinde we başga ýerlerde ulanylýar.Boýaglyk üçin hozuň ýapragy, miwesiniň gabygy ulanylýar. Şonuň üçin onuň ýapragy iýun aýlarynda ýygnalyp, açyk howada guradylýar. Ýapragy, gabygy we miweýany mata, ýüň, haly, şeýle hem saç boýamakda peýdalanylýar.

Miwesiniň gabygyny almak üçin bişmedik wagty ýygnalyp, ýyly jaýda guradylýar.Ol gowy guranda goňur reňkli bolýar.Hoz agajyndan mele, gara reňkleriň dürli öwüşginleri alnyp, çig mal hökmünde giňden ulanylýar.

Haýytbaý Gylyjow,Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy, ykdysady ylymlaryň kandidaty, dosent.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMEN KEÇESI
Uber 2030-njy ýyldan içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtoulaglary gadagan eder
Kipr Parahatçylyk Hereketiniň 48 Ýyllygy Darabaly Ýagdaýda Bellenilip Geçilýär
Çilide dünýädäki iň gojaman daragt tapyldy
AJAÝYP KÖÝTENDAG
Eýranda Sil Apaty Sebäpli 3 Adam Ýogaldy