Sagdyn ýaşaýyş üçin maslahatlar

Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý edip, ýaramaz endiklerden daşda duruň!

Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyň!

Witamin С askorbin turşusyna baý önümleri iýiň!

Iş ýeriňizde we öýüňizde otaglaryň howasynyň tämiz bolmagyny gazanyň!

Keseliň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda hökman maşgala lukmanyna ýüz tutuň! Özbaşdak derman serişdelerini ulanmaň!

Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berjaý ediň!

Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary içiň!

Gök önümleri iýeniňizde arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmegi unutmaň!

Iýmit zäherlenmeleriň öňüni almak maksady bilen, iýmit önümlerini söwda merkezlerinden satyn alyň, öý şertlerinde talabalaýyk we belgileniş nyşanynda görkezilen möhletine laýyklykda saklaň we ulanyň!

Ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen burnuň nemli bardasyna oksolin melhemini çalyň!

Maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny alyň!

Paslyň talaplaryna laýyklykda geýniň!

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen hem daşary ýurt talyplary himiýa boýunça internet olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrylýar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşy
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisindäki eden çykyşy
MÖWSÜMLEÝIN KESELLERDEN GORANYŇ!
“Apple” öz telefonlarynyň ätiýaçlyk şaýlarynyň satuwyna başlar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki Çykyşy