Sagdyn nesil bagtyýar geljek

Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren Döwlet adam üçindir!hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňe süren Watan diňe halky bilen Watandyr! ýörelgeleriniň düýp özeninde halkymyzyň bagtyýarlygy hakyndaky çuňňur alada ýatyr.

Bu ýörelgelerden ugur alnyp, ýurdumyzyň ähli ýerinde raýatlaryň saglygyny berkitmek ugrunda uly tutumlar durmuşa geçirilýär.Saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň zähmet şertleri ýeňilleşdirilýär, her bir şäherde, obada, etrapda ýerleşýän Saglyk öýleri, lukmançylyk edaralary ösen lukmançylyk tehnologiýalary bilen üpjün edilýär.Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan öňegidişlikler halkymyzyň sagdynlygyna we ruhy galkynyşyna berilýän ýokary ünsüň aýdyň beýanydyr.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzda ýaş nesilleriň beden hem ruhy taýdan sagdyn ösmegi, ildeşlerimiziň saglygy babatda uly aladalar edilýär.

Muňa Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berlen Saglyk öýleriniň, bejeriş-öňüni alyş hassahanalaryň, şypahanalaryň sanynyň geljekde has-da artdyryljakdygy barada hormatly Prezidentimiziň aýdanlary aýdyň mysaldyr.Döwletiň we jemgyýetiň baş baýlygy hasaplanylýan adam hakdaky alada amala aşyrylýan ähli özgertmeleriň, giň gerimli maksatnamalaryň we taslamalaryň esasyny düzýär.

Sport we sagdyn durmuş ýörelgesi bolsa adamlara öz mümkinçiliklerini açyp görkezmäge ýardam edýär.Türkmenistan tebigaty goramak baradaky halkara resminamalara goşulmak bilen, daşky gurşawy goramak hem-de sagdyn durmuş ýörelgesini giňden ornaşdyrmak boýunça netijeli işleri geçirýär.

Bu işleriň netijeleri Watanymyzyň sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy hökmündäki halkara abraýyny artdyryp, Diýarymyzda adamyň saglygyna näderejede uly ünsüň berilýändigini görkezýär.Türkmenistanda bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler hormatly Prezidentimiziň üns merkezinde durýar. Şeýle çäreleriň dabaralandyrylmagyna öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen sport maksatly desgalaryň sanynyň ýylsaýyn artýandygy, döwrebap sport düzüminiň kemala gelendigi mümkinçilik berýär.Diýarymyzda bedenterbiýe-sagaldyş we sport işleriniň ählumumy häsiýete eýe bolmagy döwletiň we jemgyýetiň sazlaşygynyň birleşmeginiň netijesidir.

Sebäbi raýatlarymyz sportuň saglyk üçin örän peýdalydygyna oňat düşünýärler. Şonuň üçin hem Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy bolan Türkmenistan sagdyn durmuş ýörelgesini, bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge, wagyz etmäge gönükdirilen ädimleri babatda görelde bolup durýar.Ýurdumyzda köpçülikleýin sportuň ösdürilmegi, oňa jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň, aýratynda, ýaşlaryň işjeň çekilmegi ugrunda zerur tagallalar edilýär.

Sport çäreleriniň yzygiderli häsiýete eýe bolmagy ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we ýokary netijeli sportuň belent derejelere çykmagynyň baş şertini emele getirýär.Bu bolsa saýlap alan ugry boýunça ussatlyk derejesine ýetýän türgenleriň sanynyň artmagyna ýardam edýär.Ildeşlerimiziň saglygyny dikeltmekde, berkitmekde şypahanalar ähmiýetli orna eýe.

Döwrüň talabyna laýyk enjamlaşdyrylan şypahanalarda bejeriş işlerinde milli hem-de häzirki zaman usullarynyň ulanylmagy raýatlaryň doly derejede dynç almagyna we saglygyny dikeltmäge mümkinçilik berýär.Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda ýerleşýän Awaza milli syýahatçylyk zolagynda hereket edýän şypahana-sagaldyş merkezleri, myhmanhanalar raýatlarymyzyň dynç alýan, saglygyny berkidýän ýeriniň birine öwrüldi.Awaza şypahanasynyň bejeriş şypahana zolagynyň ýodly suwy, howasy esasy tebigy baýlygydyr.

Deňiz suwy ýokary hilli duzy, ýody, bromy bilen jana lezzet berýär. Ýurdumyzyň ekologiýa taýdan arassa şypahanalary saglygymyzyň tebigy çeşmesidir.Innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy olaryň hyzmatlarynyň hilini, derejesini has-da ýokarlandyrýar.

Häzirki döwürde şypahana ulgamynda raýatlara edilýän hyzmatlaryň hili dünýä derejesine ýetirildi hem-de olaryň ykdysady netijeliligi ýokarlandyryldy.Türkmenistan Saglyk Döwlet maksatnamasyny tapgyrlaýyn amala aşyryp, ilatyň saglyk ýagdaýyny ýokarlandyrmak boýunça strategiýany durmuşa geçirmek bilen, keselleriň köp görnüşinden azat boldy.

Adam bedeninde demir ýetmezçiligi sebäpli ýüze çykýan keselleriň öňüni almak maksadyndan ugur alnyp, Türkmenistanda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde, uny demir bilen baýlaşdyrmak we duzy ýodlaşdyrmak boýunça birnäçe taslamalar durmuşa geçirildi.

Türkmenistan gyzamyk we gyzylja keselleriniň ýok edilen ýurdy hökmünde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebitleýin býurosynyň halkara güwänamasyna eýe boldy.Ýurdumyzda Saglyk Döwlet maksatnamanyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler ilatyň ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün edilmegine, oňa ählumumy elýeterliligiň ýola goýulmagyna şert döredýär.

Munuň özi ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygyny berkitmäge, ömür dowamlylygyny has-da artdyrmaga mümkinçilik berýär.Netijede, häzirki döwürde eziz Diýarymyzda oba we şäher ilatyna lukmançylyk hyzmatynyň hil tapawudy düýpli azaldy. Çünki ulanylmaga berilýän saglygy goraýyş edaralarynyň ählisi öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary hem-de ýokary derejede takyklaýjy abzallar bilen üpjün edildi.

Milli lukmançylyk ulgamyna näsaglary bejermegiň, keselleriň öňüni almagyň, saglygy dikeltmegiň 30-dan gowrak täze usuly ornaşdyryldy.Ýurdumyzda uly ösüşlere eýe bolýan saglyk ulgamynda gazanylýan üstünlikler, bejeriş-öňüni alyş hyzmatlary we derman senagatynda ýetilen täze sepgitler daşary döwletleriňdir halkara guramalaryň hem ünsüni özüne çekýär.

Saglygy goraýyş ulgamynda dürli keselleri öz wagtynda anyklamak we bejermek işleri güýçlendirilýär, sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak, bedenterbiýäni we sporty giňden wagyz etmek üçin zerur şertler döredilýär.Maşgalanyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemekde halkymyza mahsus bolan maşgala gymmatlyklarynyň wagyz edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Bularyň ählisi halkymyzyň buýsançly başyny has-da belende göterýär.

Amangeldi Hommakow,Baýramaly etrap hassahanasynyň terapiýa bölüminiň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy Magtymguly Pyragynyň ýubileýine bagyşlanan çäre gurady
Türkmenistanyň Prezidenti saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça halkara sergä hem-de ylmy maslahata gatnaşyjylara Gutlag iberdi
Näme üçin almaly zatlarymyz ýatdan çykýar?
Astrahanda IX Hazar metbugat forumy geçirilýär
Ilkinji transatlantik telegraf aragatnaşygy
Aşgabatda Kids Expo: hemme zat çagalar üçin atly halkara sergi öz işine başlar
Sagdyn jemgyýet kuwwatly döwlet